«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu sammite gatnaşmak üçin gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Ärdogan bilen duşuşdy. Kongressler merkezinde geçirilen duşuşykdan soňra Prezidentler surata düşdüler.