Dünýä Kubogynyň finalynyň öňüsyrasynda “Adidas” kompaniýasynyň dükanlarynda Messiniň 10-njy belgili Argentinanyň ýygyndysynyň köýnekçeleriniň ählisi satylyp gutardy. Bu barada kompaniýanyň degişli ýolbaşçylary habar berýär. Uly-kiçi, aýal-erkek tapawudy ýok köýnekçäni alanlaryň sany-sajagy ýok. Islendik ölçegdäki köýnekçeleriň ählisiniň satylandygy we mundan soň gelýän talaplar dogrusynda öndürip ýetişdirmegiň mümkinçiliginiň ýokdugy bellenilýär. Şol sebäpli Buenos Aýres, Madrid, Doha, Tokio, Stambul tapawudy ýok, gözläp azara galyp oturmaň, tapmarsyňyz diýlip, köýnekçeleriň tükenendigi mälim edildi.
Argentinanyň futbol federasiýasy tarapyndan: “Has köp satylmagyny isleýänem bolsa, elimizden gelýän zat ýok. Hemmeler köýnekçe soraýar. Meseläni “Adidas” çözmeli. Ýetişmek mümkin däl” diýip beýanat berildi.
Her näme-de bolsa, öndüriji kompaniýa final duşuşygynyň başlanýan wagtyna çenli mümkin boldugyça köýnekçe öndüriljekdigini hem mälim etdi.