15-nji de­kabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň bi­na­syn­da gib­rid gör­nü­şin­de, 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da dur­nuk­ly ösüş ug­run­da hyz­mat­daş­ly­gyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki do­lan­dy­ryş ko­mi­te­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di.
Mej­li­se Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry we iş­gär­le­ri, de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, şeý­le hem Aş­ga­bat­da­ky BMG gur­luş dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri gat­naş­dy.
Mej­li­siň do­wa­myn­da 2022-nji ýyl­da Hyz­mat­daş­ly­gyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ga­za­ny­lan esa­sy üs­tün­lik­le­re, 2022-nji ýyl üçin Hyz­mat­daş­ly­gyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýol kar­ta­sy­na se­re­di­lip ge­çil­di. Şol bir wag­tyň özün­de, ta­rap­lar ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy, yk­dy­sa­dy­ýet, eko­lo­gi­ýa, sag­lyk we bi­lim pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan Çar­çu­wa­ly Mak­sat­na­ma­nyň bäş mak­sat­ly to­pa­ry­nyň me­se­le­le­ri­niň gi­di­şi ba­ra­da jik­me-jik pi­kir alyş­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow gat­na­şy­jy­la­ryň ün­sü­ni aşak­da­ky ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­dir­di:
– “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýe­ti üp­jün et­mek we bu ugur­da de­giş­li kon­sep­si­ýa­la­ry hö­dür­le­mek;
– hä­zir­ki za­man ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly azyk howp­suz­ly­gy we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi;
– san­ly­laş­dyr­mak we mag­lu­mat­la­ry do­lan­dyr­mak;
– mek­de­be we hü­när bi­li­mi­ne ün­si jem­läp bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek;
– sag­ly­gy go­ra­ýyş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni güýç­len­dir­mek;
– Türk­me­nis­tan­da adam hu­kuk­la­ry ins­ti­tut­la­ry­ny ös­dür­mek, hu­su­san-da adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça ko­mis­sa­ryň dü­zü­min­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len ugur­la­ry dö­ret­mek;
– ösen okuw ul­gam­la­ry­na, şol san­da BMG-niň çä­gin­de dip­lo­mat­lar we beý­le­ki döw­let iş­gär­le­ri bi­len bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Äht­na­ma­nyň iş­le­nip dü­zül­me­gi­ne we dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­mak.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li hyz­mat­daş­lar, To­par­la­ryň için­dä­ki BMG-niň de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de ýo­kar­da­ky ugur­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ün­si çek­mek bi­len hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek, şeý­le hem hyz­mat­daş­ly­gyň Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­nyň 2023-nji ýyl üçin “Ýol kar­ta­sy­nyň” taý­ýar­la­ny­ly­şy­na ga­ra­mak tek­lip edil­di.