21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy bilen bagly ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy baradaky meseleler girizildi, aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, il­ki bi­len, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň çyz­gy­la­ry, şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin göç­me mej­li­si­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne gel­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, şu mej­lis­de Gahryman Arkadagymyzyň şu ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze mer­ke­zin­de ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry­nyň diň­le­nil­jek­di­gi­ni aýt­dy.
«Ar­ka­dag» ady da­ky­lyp, şä­her de­re­je­si be­ril­di
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len me­se­le­le­re ge­çip, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz ber­di. Ol Mil­li Geňeşiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň tä­ze şä­he­ri, şeý­le hem onuň mer­ke­zi bi­na­la­ry­ny at­lan­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek we de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­ny ka­bul et­mek ba­bat­da ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, we­la­ýa­tyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň is­leg-ar­zuw­la­ry­ny, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň tek­lip­le­ri­ni göz öňün­de tu­tup, «Türk­me­nis­ta­nyň do­lan­dy­ryş-çäk gur­lu­şy­nyň me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň ter­ti­bi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, «Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ne şä­her de­re­je­si­ni ber­mek we oňa at dak­mak ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň ka­ra­ry ka­bul edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mej­li­siň ýol­baş­çy­sy Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­ni «Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri» di­ýip at­lan­dyr­mak çöz­gü­di­ne gel­nen­di­gi ba­ra­da­ky hoş ha­ba­ry aýt­dy.
Ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň eda­ra ediş mer­ke­zi­ni Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ge­çir­mek, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň 2370 gek­tar ýe­ri­ni ka­ra­ryň go­şun­dy­syn­da­ky çyz­ga la­ýyk­lyk­da, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň do­lan­dy­ryş çä­gi­ne ge­çir­mek, Gök­de­pe et­ra­by­nyň Kä­ri­zek ge­ňeş­li­gi­niň Aba An­na­ýew oba­sy­ny Arkadag şä­he­ri­niň çä­gi­ne go­şu­lan­dy­gy se­bäp­li do­lan­dy­ryş-çäk bir­lik­le­ri­niň ha­sa­byn­dan çy­kar­mak, Gök­de­pe et­ra­by­nyň Kä­ri­zek ge­ňeş­li­gi­ni ýa­tyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len bi­le­lik­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň do­lan­dy­ryş çäk­le­ri­niň ýaz­gy­sy­ny bel­le­nen ter­tip­de ge­çir­me­gi bel­le­nil­di.
Şeý­le hem «Döw­let kär­ha­na­la­ry­na, gu­ra­ma­la­ry­na, eda­ra­la­ry­na, ge­og­ra­fik we beý­le­ki ob­ýekt­le­re at dak­ma­gyň we ola­ryň ady­ny üýt­get­me­giň ter­ti­bi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, hal­kyň erk-is­le­gi esa­syn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, Mil­li Ge­ňe­şiň Mej­li­si­niň ka­bul eden ka­ra­ry esa­syn­da, ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady­ny dak­mak, mer­ke­zi se­ýil­gäh­dä­ki be­lent sun­gat bi­na­sy­na döw­rü­mi­ziň gör­nük­li sy­ýa­sat­çy­sy, türk­men hal­ky­nyň be­ýik Ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň – Gahryman Arkadagymyzyň ady­ny dak­mak we mun­dan beý­läk ony «Arkadag Bi­na­sy» di­ýip at­lan­dyr­mak, Hal­ka­ra at­çy­lyk ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne Aba An­na­ýe­wiň, Ahal we­la­ýat mu­gal­lym­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Berdimuhamet Annaýewiň, luk­man­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Saç­ly Dur­su­no­wa­nyň, Ahal at­çy­lyk sir­ki­ne türk­men hal­ky­nyň mil­li gah­ry­ma­ny Gö­rog­ly­nyň, we­la­ýat ki­tap­ha­na­sy­na Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň, dra­ma te­at­ry­na Aman Gul­mäm­me­do­wyň, ýö­ri­te sun­gat mek­de­bi­ne Sa­hy Jep­ba­ro­wyň, ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­ne Şü­kür bag­şy­nyň ady­ny dak­mak bel­le­nil­di.

Pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­re­dil­di
Soň­ra da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry W.Ha­ji­ýew Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şu ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty­nyň bar­şyn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, şeý­le hem hal­ka­ra dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­ha­na­la­ry we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýa­nyn­da­ky we­kil­ha­na­la­ry ar­ka­ly tä­ze Ar­ka­dag şä­he­rin­de dur­muş we yk­dy­sa­dy ul­gam­lar­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri giň­den be­ýan et­mek üçin ab­raý­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bi­len de­giş­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy D.Täş­li­ýew Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­rin­de gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nan des­ga­la­ry we bi­na­la­ry sel­jer­mek we ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­giş­li tab­şy­ry­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­bar ber­li­şi ýa­ly, bu iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de hem-de bel­le­ni­len ter­ti­be, bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çir­mek üçin de­giş­li pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­ret­mek tek­lip edil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nan des­ga­la­ry we bi­na­la­ry sel­jer­mek we ka­bul et­mek bo­ýun­ça pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­ret­mek we onuň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­mak ha­kyn­da Buý­ru­ga gol çek­di.
Soň­ra Mer­ke­zi ban­kyň baş­ly­gy T.Mä­li­kow Arkadag şä­he­ri­niň des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üçin bö­lü­nip be­ril­ýän döw­let ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň öz­leş­di­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu ugur­da­ky iş­le­riň Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Ze­rur bo­lan tö­leg­ler öz wag­tyn­da hem-de bel­le­ni­len ter­tip­de ge­çi­ril­ýär.
Bi­lim mi­nist­ri G.Ata­ýe­wa Ar­ka­dag şä­he­rin­de gu­rul­ýan bi­lim eda­ra­la­ry­na san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, bu ugur­da­ky iş­le­re pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry we ta­lyp ýaş­la­ry çek­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki wagt­da her bi­ri 720 orun­lyk 4 sa­ny umu­my­bi­lim ber­ýän mek­de­biň, 10 sa­ny ça­ga­lar ba­gy­nyň, Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň, Ahal we­la­ýat mu­gal­lym­çy­lyk hem-de luk­man­çy­lyk or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň, 1 sa­ny 7 gat­ly, 28 öý­li ýa­şa­ýyş ja­ýy­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar.
Ge­çi­ril­ýän iş­le­riň çäk­le­rin­de bi­lim ul­ga­my­nyň san­ly çöz­güt­le­ri, şol san­da «elekt­ron mek­dep» ul­ga­my­ny, okuw mak­sat­na­ma­la­ry­na gi­ri­zi­len ki­tap­la­ryň äh­li­si­ni bir ýer­de jem­le­ýän san­ly ki­tap­ha­na ul­ga­my­ny, on­laýn ders bäs­le­şik­le­ri­ni we ga­raş­syz sy­nag­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän «Ze­hin» at­ly san­ly ul­ga­my gi­riz­mek bi­len bag­ly tek­lip­ler taý­ýar­la­nyl­dy. Şeý­le-de äh­li bi­lim eda­ra­la­ry­ny mu­gal­lym­lar bi­len üp­jün et­mek ba­bat­da hem de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Soň­ra Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti A.Aşi­row Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­rin­de yl­my iş­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ry­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de «Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de or­naş­dy­ryl­ýan «akyl­ly» teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly mas­la­ha­tyň jem­le­ri ba­ra­da aý­dyl­dy.

288 gek­ta­ra bag ek­mek me­ýil­leş­di­ril­di
Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nist­ri A.Al­ty­ýew döw­let Baştutanymyzyň Arkadag şä­he­rin­de bag ek­mek bo­ýun­ça ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Arkadag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­ny gur­ma­gyň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, 288 gek­ta­ra go­laý meý­dan­da agaç na­hal­la­ry­ny ek­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da mi­nistr­li­giň de­giş­li hü­när­men­le­ri ze­rur bo­lan mas­la­hat­la­ry ber­ýär­ler hem-de ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re gö­zeg­çi­lik ed­ýär­ler.
«Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň baş­ly­gy H.Hu­daý­gu­ly­ýew Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­lar­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, hu­su­san-da, «akyl­ly» öý ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Daş­ky el­ti­ji san­ly ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň işi­ni bök­denç­siz üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, 106,5 ki­lo­metr op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my çe­kil­di. Şeý­le hem uzyn­ly­gy 259 ki­lo­metr bo­lan içer­ki ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry çe­ki­ler. Bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, eda­ra­la­ra we ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da­ky her bir öýe op­ti­ki-sü­ýüm­li ul­gam çe­ki­ler, mu­nuň özi şol bir wag­tyň özün­de ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net, IP te­le­wi­de­ni­ýe hem-de te­le­fon ul­ga­myn­dan peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Bu­lar­dan baş­ga-da, ýo­ka­ry hil­li öý­jük­li ara­gat­na­şyk hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mek mak­sa­dy bi­len, 3G we ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­myn­dan peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän 4G en­jam­lar top­lu­my gur­na­lyp, işe gi­ri­zil­di. Gu­rul­ýan des­ga­lar­da «akyl­ly» şä­her we «akyl­ly» öý hyz­mat­la­ryn­dan uzak ara­lyk­dan peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­sy işe gi­ri­zil­di.
Şeý­le hem ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, eda­ra­la­ryň tö­we­re­gin­de, kö­çe­ler­de we ýol­lar­da howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek üçin «akyl­ly» wi­deo­gö­zeg­çi­lik ul­gam­la­ry, aw­tou­lag­la­ryň he­re­ke­ti­niň saz­la­şy­gy­ny üp­jün ed­ýän döw­re­bap ýo­ly­şyk­lar, agyz su­wu­ny we te­bi­gy ga­zyň sarp edi­li­şi­ni öl­çeý­ji ul­gam­lar gur­na­lar. Mer­ke­zi se­ýil­gäh­de Wi-Fi zo­la­gy dö­re­di­ler. Eda­ra-kär­ha­na­lar­da elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy ul­ga­my or­naş­dy­ryl­dy, e.gov.tm döw­let hyz­mat­la­ry saý­ty we­la­ýat mer­ke­zi­niň por­ta­ly­ny aç­ýar.

Elekt­ro­bus­lar, elekt­ro­mo­bil­ler sa­tyn al­nar
«Türk­me­naw­tou­lag­la­ry» agent­li­gi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.Ça­ry­ýew Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­rin­de eko­lo­gik taý­dan aras­sa elekt­rou­lag­la­ry ulan­mak we ola­ry ýur­du­my­za ge­tir­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ry­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dün­ýä­niň elekt­ro­bus­la­ry, elekt­ro­mo­bil­le­ri we ola­ra de­giş­li en­jam­la­ry ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­ň tä­jir­çi­lik tek­lip­le­ri, bu ulag­la­ryň teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry hem-de ola­ryň des­lap­ky ze­rur sa­ny öw­re­nil­di we hä­zir­ki wagt­da ola­ry sa­tyn al­mak, ýur­du­my­za ge­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan döw­re­bap aw­to­top­lu­my hem-de elekt­rik tok be­ri­ji be­ket­le­ri gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri M.Ser­da­row Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň des­ga­la­ry­nyň açy­ly­şy­na taý­ýar­lyk gör­mek ba­bat­da tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hu­su­san-da, Mer­ke­zi bank, mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de ge­çi­ri­len de­giş­li iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Soň­ra me­de­ni­ýet mi­nist­ri A.Şa­my­ra­dow Arkadag şä­he­ri­niň des­ga­la­ry­nyň açyl­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek me­de­ni çä­re­le­re taý­ýar­lyk gör­lü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi­niň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da ta­ry­hy wa­ka öw­rü­ler. Bu da­ba­ra­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek üçin iş to­pa­ry dö­re­dil­di.

Şä­he­riň ikin­ji tap­gy­ry­ny gur­mak üçin de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar
Soň­ra Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow gur­lu­şy­gyň bi­rin­ji tap­gy­ry­ny ta­mam­la­mak bo­ýun­ça iş­le­riň ýo­ka­ry dep­gi­ni­ni üp­jün et­mek ug­run­da­ky çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň hi­li­ne, ola­ry ulan­ma­ga ber­me­giň möh­let­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ha­sa­ba­tyň do­wa­myn­da bu tas­la­ma­nyň ikin­ji tap­gy­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça tab­şy­ryk­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy. Şeý­le hem de­giş­li tas­la­ma çyz­gy­la­ry­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy, ola­ryň işi­ni ut­gaş­dyr­mak üçin buý­ru­jy­lar we pot­rat­çy eda­ra­lar bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lu­şy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2019-njy ýy­lyň 4-nji mar­tyn­da­ky Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Gök­de­pe et­ra­by­nyň Gor­jaw oba­sy­nyň çä­gin­de umu­my meý­da­ny 1002 gek­tar bo­lan ýer bö­le­gin­de dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, tä­ze, döw­re­bap we­la­ýat mer­ke­zin­dä­ki gur­lu­şyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri iki tap­gyr­da ama­la aşy­ryl­ýar. Onuň bi­rin­ji tap­gy­ry je­mi 336 des­ga­ny, şol san­da hä­kim­li­giň eda­ra bi­na­sy­ny, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň eda­ra bi­na­sy­ny, Baý­dak sü­tü­ni­ni, «Ahal» mo­nu­men­ti­ni, Ahal at­çy­lyk sir­ki­ni, At­çy­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi­ni, Ru­hy­ýet köş­gü­ni, ki­tap­ha­na­ny, Bagt köş­gü­ni, dra­ma te­at­ry­ny, mu­ze­ýi, we­la­ýat de­re­je­sin­dä­ki kär­ha­na­la­ryň hem-de hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň bi­na­la­ry­ny, bank­la­ryň we­la­ýat şa­ham­ça­la­ry­nyň eda­ra bi­na­la­ry­ny we beý­le­ki mö­hüm des­ga­la­ry öz içi­ne al­ýar. Şeý­le hem ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň, sag­lyk öýü­niň, on­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi­niň, Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň, «Tiz kö­mek» mer­ke­zi­niň, Hal­ka­ra at­çy­lyk ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň, umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň 4-si­niň, or­ta hü­när mek­dep­le­ri­niň hem 4-si­niň, 10 sa­ny ça­ga­lar ba­gy­nyň, kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­nyň, sport mer­ke­zi­niň we sta­dio­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.
Ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, bi­rin­ji tap­gy­ryň çäk­le­rin­de 258 sa­ny iki, bäş, ýe­di we do­kuz gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­na edil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, 19 dü­kan, 3 hyz­mat ediş öýi, myh­man­ha­na, söw­da we dynç alyş mer­ke­zi hem-de se­ýil­gäh-dynç alyş zo­lak­la­ry gu­rul­ýar. Iki tap­gy­ryň çäk­le­rin­de bir­nä­çe ugur­lar – in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki ul­gam­la­ry we des­ga­la­ry, ýol-ulag dü­zü­mi­niň des­ga­la­ry­ny gur­mak, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len meş­hur Ak­han be­de­wi­niň heý­ke­li­ni oturt­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Onuň daş-tö­we­re­gi­ni aba­dan­laş­dyr­mak we suw çüw­dü­rim­le­ri­ni gur­mak iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu iş­le­re Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry hem-de ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň gur­lu­şyk­çy­la­ry iş­jeň gat­naş­ýar­lar.

Açy­lyş da­ba­ra­sy­na taý­ýar­lyk gö­rül­ýär
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň je­mi­ni jem­läp, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri bi­len bag­ly öň­de du­ran we­zi­pe­le­re ün­si çek­di. De­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bu şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­ny öz wag­tyn­da, ýo­ka­ry hil­li ama­la aşyr­mak üçin de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek tab­şy­ryl­dy. Iş­çi­le­riň ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­me­giň wa­jyp­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di.
Wi­se-prem­ýer H.Gel­di­my­ra­do­wa ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler üçin tö­leg­le­riň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak tab­şy­ryl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýer B.At­da­ýe­we ila­ta ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat­la­ry gu­ra­mak üçin Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Söw­da mü­di­ri­ýe­ti­ni dö­ret­me­gi tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer N.Aman­ne­pe­so­wa ýüz­le­nip, tä­ze şä­her­de sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim ugur­la­ry bo­ýun­ça mü­di­ri­ýet­le­ri aç­ma­gy, mek­dep­le­ri we ça­ga­lar bag­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­li mu­gal­lym­lar, ter­bi­ýe­çi­ler bi­len üp­jün et­me­gi, äh­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­ma­gy tab­şyr­dy.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri «akyl­ly» şä­her bol­ma­ly, şo­nuň üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýe­we we wi­se-prem­ýer N.Aman­ne­pe­so­wa bu ýer­de san­ly ul­gam bo­ýun­ça hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan mer­ke­zi aç­mak tab­şy­ryl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer M.Mäm­me­do­wa Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň da­ba­ra­ly açy­ly­şy­nyň me­ýil­na­ma­sy­ny düz­me­gi, kö­çe­le­riň, meý­dan­ça­la­ryň we bi­na­la­ryň sa­na­wy­ny, ola­ry be­ze­me­giň şe­kil­le­ri­ni taý­ýar­la­ma­gy hem-de tä­ze mer­ke­ziň Baş meý­dan­ça­syn­da baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti­ni gu­ra­ma­gy tab­şyr­dy.
Wi­se-prem­ýer A.Ýaz­my­ra­do­wa tä­ze şä­her­de we onuň daş-tö­we­re­gin­de agaç na­hal­la­ry­ny oturt­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri ge­çir­mek tab­şy­ryl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açy­ly­şyn­da da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şi ge­çir­mek bo­ýun­ça go­wy taý­ýar­lyk gör­me­gi tab­şyr­dy.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ri­lip, ýaý­baň­lan­dy­ryl­jak me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­riň mil­li ru­ha ky­bap de­re­je­de gu­ral­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­mek bi­len, bu ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka eý­ýäm hä­zir­den taý­ýar­lyk gör­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bir­nä­çe ýol­baş­çy­la­ra bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li baş­ga-da bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.