22-nji de­kabr­da Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-ýa­pon we ýa­pon-türk­men ko­mi­tet­le­ri­niň no­bat­da­ky 14-nji mej­li­si To­kio şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti bu fo­ru­myň işi­ne gat­naş­mak üçin iş sa­pa­ry bi­len Ýa­po­ni­ýa bar­dy.
Mej­li­siň ba­şyn­da türk­men ta­ra­py iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň umu­my ýag­da­ýy ba­ra­da gys­ga­ça syn ber­di. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da soň­ky bir­nä­çe ýyl­da gaz hi­mi­ýa­sy we elekt­rik ener­gi­ýa­sy pu­dak­la­ryn­da­ky iri des­ga­la­ryň Türk­me­nis­tan­da gur­lan­dy­gy we ula­nyl­ma­ga ber­len­di­gi nyg­tal­dy.
Du­şu­şyk­da ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.
Ulag, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, se­na­gat, suw ho­ja­ly­gy, ma­li­ýe we eko­lo­gi­ýa ýa­ly ugur­lar­da bi­le­lik­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi ba­ra­da bel­le­ni­lip ge­çil­di.
Mun­dan baş­ga-da, bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge üns be­ril­di.
Du­şu­şy­gyň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň öň­de­ba­ry­jy döw­let kon­sern­le­ri bi­len hi­mi­ýa-gaz se­na­ga­ty, ulag, suw ho­ja­ly­gy ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my­na gol çe­kil­di.
Bi­le­lik­dä­ki mej­li­siň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Tes­wir­na­ma gol çe­kil­di.