Futbolyň şasy, 82 ýaşly braziliýaly Pele (Edson Arantis do Nasimentu) maşgalasy we dostlary bilen hoşlaşyp başlady. Bu barada britan işewüri we sport menejeri Frank Halid jemgyýetçilik torunda mälim etdi.

“Pele hassahananyň düşeginde maşgalasy we dostlary bilen hoşlaşýar. Ady rowaýata öwrülen futbol gahrymany düwnük keseli bilen göreşde asgyn gelýär. Maşgalasy onuň ýagdaýynyň gün-günden agyrlaşýandygyny aýdýar” diýip, Frank Halid ýazdy.

Ýatlap geçsek, 21-nji dekabrda Peläniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy belli boldy. Ony bejerýän lukmanlar türgeniň onkologik keselini bejermekde negatiw ýagdaýy görkezdiler.

Pele üç gezek Dünýä Kubogynda ýeňiji bolan ýeke-täk futbolçydyr (1958, 1962 we 1970-nji ýyllarda). Ol dört Dünýä Kubogyna gatnaşyp, 1970-nji ýylda Dünýä Kubogynyň iň gowy oýunçysy, 1958-nji ýylda Dünýä Kubogynyň iň gowy ýaş oýunçysy saýlanypdy. 1973-nji ýylda Günorta Amerikada ýylyň futbolçysy saýlanan Pele FIFA tarapyndan XX asyryň iň gowy futbolçysy diýlip saýlanypdy. Ol 1995-1998-nji ýyllar aralygynda Braziliýanyň Sport ministri bolup işledi.