3nm çip önümçiligini ýola goýdy

106

3nm çip önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­dy
Mer­ke­zi eda­ra­sy Tai­wan­da ýer­leş­ýän “Tai­wan Se­micon­ductor Ma­nu­factu­ring Com­pa­ny” (TSMC) kom­pa­ni­ýa­sy has ýo­ka­ry ge­çi­ri­ji­li­gi bo­lan 3nm çip­le­riň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­dy. Kom­pa­ni­ýa önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­jak­dy­gy­ny hem mä­lim et­di. Bu ösen teh­no­lo­gi­ýa­nyň çyk­ma­gy­na köp wagt­dan bä­ri ga­ra­şyl­ýar­dy. Tä­ze önüm dün­ýä­niň iň uly ýa­rym­ge­çi­ri­ji ön­dü­ri­ji­si bo­lan TSMC-nyň Tai­wa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Tai­nan şä­he­rin­dä­ki za­wo­dyn­da ön­dü­ri­lip baş­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Mark Liu bu kom­po­nen­tiň 5G we ýo­ka­ry tiz­lik­li mag­lu­mat üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­di. Mark köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­giň şow­ly ýo­la goý­lan­dy­gy­ny we oňyn ne­ti­je be­ren­di­gi­ni, bu önü­miň gel­jek 5 ýy­lyň do­wa­myn­da 1,5 tril­li­on dol­lar­lyk ba­za­ry eme­le ge­tir­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
3nm çip­le­riň il­kin­ji müş­de­ri­si­niň “App­le” kom­pa­ni­ýa­sy­dy­gy mä­lim edil­di .
Şu ýy­lyň iýu­nyn­da “Sam­sung” hem 3nm ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gi­ni ýo­la go­ýup­dy. Ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan “In­tel” şeý­le kom­po­nen­tiň önüm­çi­li­gi­ni 2024-nji ýyl­da ýo­la goý­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Mer­dan Şa­na­za­row, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.