Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de söwda, medeni-durmuş maksatly binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Ir bilen açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlara tomaşa edenden soňra, ýörite gurnalan ýerde açylyş toý bagyny kesdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň iri gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda, medeni-durmuş maksatly desgalarda döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň oktýabryndaky degişli Buýrugyna laýyklykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmagynda 91,06 gektar ýer böleginde bina edilen desgalaryň gurluşyk işlerini ýerli hususy kärhanalaryň hem-de hojalyk jemgyýetleriniň 40-synyň alyp barandygyny bellemek gerek. Toplumyň çägindäki täze binalaryň hatarynda 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, söwda we medeni-dynç alyş merkezi, 2 gatly söwda dükanlarynyň 10-sy, şeýle-de bazar bar. Täze ýaşaýyş jaýlary 1, 2, 3 we otagly bolup jemi 3 müň 70-e golaý hojalyga niýetlenendir.