Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan su­ra­ta dü­şü­ri­len film­le­riň bir­nä­çe­si Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­zyň ki­no­teatr­la­ryn­da gör­ke­zil­ýär. 27-nji de­kabr­da “Aş­ga­bat” ki­no­te­at­ryn­da re­žiss­ýor He­kim Alo­wo­wyň su­ra­ta dü­şü­ren “Gy­zyl al­ma” at­ly fil­mi türk­men to­ma­şa­çy­la­ry­nyň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­di.
To­ma­şa­çy­la­ryň uly söý­gü­si­ni ga­za­nan bu fil­miň ta­pa­wut­ly ta­ra­py ese­riň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti­dir. Şeý­le hem onuň çe­per­çi­lik sti­lis­ti­ka­sy­nyň go­wy bol­ma­gy­dyr. Gün­do­gar ede­bi­ýat­la­ryn­da ga­bat gel­ýän ro­wa­ýat­la­ryň esa­syn­da dö­re­di­len bu eser­de türk­men hal­ky­nyň sa­ha­wat­ly­lyk we yn­san­per­wer­lik ýa­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri has iç­gin su­rat­lan­dy­ryl­ýar.
Fil­miň baş gah­ry­man­la­ry Mer­gen bi­len Al­ma­nyň tö­tän­lik­dä­ki du­şuş­ma­gy, ola­ryň baş­dan ge­çi­ren dür­li sy­nag­la­ry, kä­bir se­bäp­le­re gö­rä jy­da düş­me­gi, ahyr­so­ňy ola­ryň bi­le­lik­de dur­muş gur­ma­gy ýa­ly gy­zyk­ly wa­ka­la­ry özün­de jem­le­ýän bu film türk­men hal­ky üçin öz­bo­luş­ly Tä­ze ýyl sow­ga­dy bol­dy.

Film­de Ah­met Aman­dur­dy­ýew Mer­ge­niň, Al­tyn Ber­di­ýe­wa Al­ma­nyň, Söh­bet Täç­mäm­me­dow Me­det aga­nyň, Şyh­mäm­met Mol­la­ýew Na­zar aga­nyň, Yh­las Is­la­mow Ese­niň, Ata­jan Be­ki­ýew Ama­nyň, Bay­ram­täç Ho­ja­mäm­me­do­wa Ge­rek ejä­niň we Göw­her Mu­ham­met­gu­ly­ýe­wa bol­sa Göw­her ejä­niň keşp­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.