Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zin­de tä­ze ýy­lyň ga­dam go­ýan il­kin­ji mi­nut­la­ryn­da paý­tag­ty­my­zyň ýa­şa­ýan Mom­ma­dow­la­ryň maş­ga­la­syn­da ogul per­zent­le­ri dün­ýä in­di. Bu og­lan­jyk tä­ze, 2023-nji ýyl­da ýur­du­myz­da il­kin­ji dün­ýä inen ça­ga­dyr.
Dog­lan ogul bä­be­ji­giň ag­ra­my 3 ki­log­ram 840 gram, bo­ýy 53 san­ti­metr öl­çeg­ler­de bel­li­ge alyn­dy. Olar ýur­du­myz­da 2023-nji ýy­lyň «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» di­ýen şy­ga­ryn­dan ugur al­mak bi­len, tä­ze ýyl­da il­kin­ji bo­lup dün­ýä inen ogul­la­ry­na Bag­ty­ýar di­ýip at goý­du­lar. Ki­çi­jik Bag­ty­ýar Mom­ma­dow­la­ryň döw­let­li maş­ga­la­sy­nyň üçün­ji per­zen­di­dir.
Og­lan­jy­gyň ata-ene­si­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow öz sow­gat­la­ry iber­di­ler.
Bu ba­ra­da “Türk­me­nis­tan” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.