Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmaklygyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat ýöremeli.
Pasyllara görä geýinmeli we witamin С – askorbin turşusyna baý iýmitleri iýmeli (bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).
Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp otagy ýelejiredip durmaly.
Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin her hepdede gyzyl burçly unaş içmeli.
Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň! Özbaşdak derman serişdelerini ulanmaň! Esasan hem, bu antibakterial serişdelerine degişli. Sebäbi, antibakterial serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy ukyply.
Asgyrylanda, üsgürilende elýaglyk bilen agzyňy ýapmaly. Eliňizi elmydama arassa saklaň we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwuň!
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.