Sport äleminde 2022-nji ýyl ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Geçen ýylyň jübüt ýyl bolmagy zerarly 2 iri sport çäresi geçirildi. Olaryň ilkinjisi gyşky Olimpiýa oýunlary, beýlekisi bolsa Katarda geçirilen futbol boýunça 22-nji Dünýä Kubogy ýaryşydyr. Iki çäre hem guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. 2023-nji ýylyň täk ýyl bolmagy zerarly esasy iri bäsleşikler bu ýyl geçirilmez. Ýöne muňa garamazdan, ilki gyşky, soňra tomusky Uniwersiadalar, FIFA U-20 Dünýä Kubogy, basketbol boýunça Dünýä Kubogy, regbi boýunça Dünýä Kubogy, zenanlaryň arasyndaky FIFA Dünýä Kubogy, suw sportlary boýunça, ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatlary, şeýle-de, Aziýa yklymynda-da futbol boýunça Aziýa Kubogy, Aziýa oýunlary, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 6-njy Aziýa oýunlary ýaly sport çäreleri ýylyň öňe saýlanýan ýaryşdyr bäsleşikleri hasaplanýar. Bulardan başga-da, adatça her ýyl geçirilýän ýaryşlar – häzir dowam edýän Dakar Rallisi, Formula 1 Dünýä çempionaty, tennis boýunça “Uly tuwulga” ýaryşlary, futbol UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň pleý-off tapgyrlary, NBA Pleý-off tapgyry ýaly bäsleşikler hem sport muşdaklarynyň esasy üns merkezinde bolar. Şeýle-de, bu ýylky geçiriljek ýaryşlaryň iň esasy aýratynlygy-da geljek ýyl Parižde guraljak tomusky Olimpiada gatnaşmaga mümkinçilik berýän bäsleşikler bolmagy bellenmäge mynasypdyr. Başgaça aýdylanda, Pariž 2024 tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň, toparlaryň köpüsi diýen ýaly şu ýylky ýaryşlarda, çempionatlarda kesgitlener. Türgenler şu ýylky görkezjek başarnyklaryna, gazanjak üstünliklerine görä, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ygtyýar alarlar.

 

31-nji dekabr – 15-nji ýanwar: 45-nji Dakar Rallisi (Saud Arabystany)

12-22-nji ýanwar: XXX gyşky Uniwersiada (Leýk Plasid – ABŞ)

13-29-njy ýanwar: Ot hokkeýi boýunça erkekleriň arasynda 15-nji Dünýä Kubogy (Bhubaneswar, Rourkela – Hindistan)

16-29-njy ýanwar: 111-nji “Awstraliýa Açyk” “Uly tuwulga” tennis ýaryşy (Melburn – Awstraliýa)

19-22-nji ýanwar: Dünýä Ralli çempionatynyň möwsümdäki ilkinji ýaryşy (Monte Karlo – Monako)

23-29-njy ýanwar: Figuralaýyn typmak boýunça Ýewropa çempionaty (Espoo – Finlýandiýa)

1-11-nji fewral: FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy (Marokko)

12-nji fewral: LVII Super Bowl duşuşygy (Arizona – ABŞ)

19-njy fewral: 72-nji NBA All Star duşuşygy (Solt Leýk Siti – ABŞ)

19-njy fewral: 65-nji NASKAR Kubogynyň möwsümdäki ilkinji ýaryşy – “Daýtona 500” (Florida – ABŞ)

1-18-nji mart: Futbol boýunça ýaşlaryň arasyndaky (U-20) Aziýa Kubogy (Özbegistan)

5-nji mart: Formula 1 boýunça 74-nji möwsümiň ilkinji Gran Prisi (Sakhir – Bahreýn)

17-19-njy mart: Futzal boýunça Ýewropa çempionatynyň final tapgyry (Wengriýa)

20-26-njy mart: Figuralaýyn typmak boýunça Dünýä çempionaty (Saitama – Ýaponiýa)

3-9-njy aprel: Golf boýunça 87-nji “Masters” ýaryşy (Augusta – ABŞ)

5-16-njy aprel: Hokkeý boýunça zenanlaryň arasyndaky Dünýä çempionaty (Kanada)

6-njy aprel: Angliýa – Braziliýa: zenanlaryň arasyndaky Finalissima duşuşygy (“Wembley”, London – Angliýa)

15-nji aprel: NBA Pleý-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary (ABŞ)

7-14-nji maý: Dzýudo boýunça Dünýä çempionaty (Doha – Katar)

12-28-nji maý: Hokkeý boýunça erkekleriň arasyndaky Dünýä çempionaty (Finlýandiýa, Latwiýa)

20-nji maý – 11-nji iýun: FIFA U-20 Dünýä Kubogy (Indoneziýa)

28-nji maý: Formula 1 boýunça Monako “Gran Prisi” (Monte-Karlo – Monako)

28-nji maý – 10-njy iýun: 127-nji “Fransiýa Açyk” “Uly tuwulga” tennis ýaryşy (Pariž – Fransiýa)

31-nji maý: UEFA Ýewropa Ligasynyň finaly (“Puşkaş Arena”, Budapeşt – Wengriýa)

4-nji iýun: UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynyň finaly (“Philips” stadiony, Eýndhowen – Niderlandlar)

7-nji iýun: UEFA Ýewropa Konferensiýa Ligasynyň finaly (“Fortuna Arena”, Praga – Çehiýa)

10-njy iýun: UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly (Atatürk stadiony, Stambul – Türkiýe)

12-18-nji iýun: 122-nji “Amerika Açyk” golf bäsleşigi (ABŞ)

15-25-nji iýun: Basketbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Ýewropa çempionaty (Ysraýyl, Sloweniýa)

16-njy iýun – 16-njy iýul: Futbol boýunça erkekleriň arasyndaky 18-nji Aziýa Kubogy (Katar)

21-nji iýun – 2-nji iýul: 3-nji Ýewropa oýunlary (Krakow, Malopolska – Polşa)

3-16-njy iýul: 136-njy “Wimbledon” “Uly tuwulga” tennis ýaryşy (London – Beýik Britaniýa)

14-30-njy iýul: Suw sportlary boýunça 20-nji Dünýä çempionaty (Fukuoka – Ýaponiýa)

20-nji iýul – 20-nji awgust: 9-njy FIFA Zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogy (Awstraliýa, Täze Zelandiýa)

28-nji iýul – 8-nji awgust: XXXI tomusky Uniwersiada (Çendu – Hytaý)

4-19-njy awgust: 13-nji Afrika oýunlary (Akkra – Gana)

5-12-nji awgust: Bütindünýä 2-nji kenarýaka oýunlary (Bali – Indoneziýa)

15-nji awgust – 3-nji sentýabr: Woleýbol boýunça zenanlaryň arasyndaky 33-nji Ýewropa çempionaty (Belgiýa, Italiýa, Germaniýa, Estoniýa)

19-27-nji awgust: Ýeňil atletika boýunça 19-njy Dünýä çempionaty (Budapeşt – Wengriýa)

21-27-nji awgust: Badminton boýunça 28-nji Dünýä çempionaty (Kopengagen – Daniýa)

25-nji awgust – 15-nji sentýabr: Basketbol boýunça 19-njy FIBA Dünýä Kubogy (Filippinler, Ýaponiýa, Indoneziýa)

28-nji awgust – 10-njy sentýabr: 143-nji “Amerika Açyk” “Uly tuwulga” tennis ýaryşy (Nýu Ýork – ABŞ)

28-nji awgust – 16-njy sentýabr: Woleýbol boýunça erkekleriň arasyndaky 34-nji Ýewropa çempionaty (Italiýa, Bolgariýa, D. Makedoniýa, Ysraýyl)

2-17-nji sentýabr: Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty (Er-Riýad – Saud Arabystany)

8-nji sentýabr – 28-nji oktýabr: Regbi boýunça erkekleriň arasyndaky 10-njy Dünýä Kubogy (Fransiýa)

23-nji sentýabr – 8-nji oktýabr: 19-njy Aziýa oýunlary (Hançžou – Hytaý)

29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr: Golf boýunça 44-nji “Ryder” Kubogy (Rim – Italiýa)

6-15-nji oktýabr: Kenarýaka woleýboly boýunça Dünýä çempionaty (Meksika)

20-nji oktýabr – 5-nji noýabr: XIX Pan-Amerikan oýunlary (Santiago – Çili)

24-29-njy oktýabr: Karate boýunça Dünýä çempionaty (Wengriýa)

3-5-nji noýabr: Dzýudo boýunça Ýewropa çempionaty (Monpelie – Fransiýa)

10-njy noýabr – 2-nji dekabr: 19-njy FIFA U-17 Dünýä Kubogy (Peru)

17-26-njy noýabr: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 6-njy Aziýa oýunlary (Bangkok, Çonburi – Wýetnam)

19-njy noýabr – 7-nji dekabr: XVII Ýuwaş umman oýunlary (Honiara – Solomon adalary)

26-njy noýabr: F1 boýunça möwsümiň soňky ýaryşy – Abu Dabi “Gran Prisi” (Abu-Dabi – BAE)

30-njy noýabr – 17-nji dekabr: Gandbol boýunça zenanlaryň arasyndaky 26-njy Dünýä çempionaty (Daniýa, Norwegiýa, Şwesiýa)

26-njy dekabr – 5-nji ýanwar: Ýaşlaryň arasyndaky hokkeý boýunça Dünýä çempionaty (Şwesiýa)