Uelsiň şazadasynyň aýaly Diananyň (1961-1997) köýnegi Nýu-Ýorkdaky “Sotheby’s” auksiona çykaryldy. Bu barada auksion öýüniň metbugat gullugy habar berýär.

1989-njy ýylda moda dizaýneri Wiktor Edelşteýn tarapyndan döredilen badam reňkli mahmal köýnek, 1997-nji ýylda Diananyň aradan çykmagyndan bir aý öň “Christie’s” auksionynda satylypdy. Bu gezek köýnek hususy kolleksiýadan auksiona berildi.

Edelşteýniň 1982-nji ýyldan 1993-nji ýyla çenli Diana üçin dürli lybaslary döredendigi bellenilýär. 23-nji ýanwarda geçiriljek auksion söwdasynda goýlan köýnek hünärmenler tarapyndan 80-120 müň dollar bahalanýar.

Diana 1981-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli britan tagtynyň mirasdüşeri bolan şazada Çarlzyň (häzir Beýik Britaniýanyň Koroly Karl III) aýalydy. Ol haýyr-sahawat çäreleriniň “Şa zenany”, moda dünýäsiniň hakyky nyşany hasaplanyp, göwnaçyklygy we sadalygy bilen dünýäni özüne bendi edipdi. Şoňa görä, 2002-nji ýylda britan teleradioýaýlymlar korporasiýasy BBC tarapyndan tutuş ýurt boýunça geçirilen pikir soralyşykda ähli döwürleriň iň beýik britaniýalysynyň ýüzlüginiň sanawynda şazada Diana üçünji orny eýeledi.

Diana 1997-nji ýylyň 31-nji awgustynda Parižiň Alma köprüsiniň aşagyndan geçýän tunelde awtoulag heläkçiliginde aradan çykdy.