Amerikanyň “DoNotPay” startapy ilkinji wirtual kömekçisini – emeli aňly aklawçyny kazyýetde synagdan geçirjekdigini habar berdi. El telefonyna oturdylan programmadan ybarat bolan emeli aň geljek aý iki işde peýdalanylar. Enjam adamlary ýüzünden tanamak aýratynlygyna eýe bolup, günäkärlenýäne nähili jogap bermelidigini maslahat berer. Programma emeli aň tarapyndan “okadylan” algoritmler we maglumatlar bilen üpjün ediler. Kompaniýa bu programmanyň bökdençsiz işlejekdigine güwä geçýär. Kazyýet işiniň geçiriljek anyk senesi mälim edilmedi. “DoNotPay”-iň wekilleri emeli aňdan peýdalanmagyň geljekde hemmeler üçin elýeterli boljakdygyny belleýär.
“DoNotPay” 2015-nji ýylda sarp edijileri goramak meseleleri boýunça kanuny maslahat berýän has ýönekeý söhbetdeşlik programmasyny işe girizipdi.
Myrat Durdymämmedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby
PDF









