Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da ja­han­keş­de­le­re giň müm­kin­çi­lik­ler, amat­ly şert­ler, gaý­ta­lan­ma­jak baş­dan­ge­çir­me­ler hö­dür­le­nil­ýär. Bu, esa­san, sy­ýa­hat­çy­la­ryň is­leg­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len bag­ly bo­lup, şo­la­ryň ara­syn­da gy­şy­na dynç al­ýan myh­man­lar üçin her ýyl ýö­ri­te gu­rul­ýan buz myh­man­ha­na­la­ry aý­ra­tyn ün­si çek­ýär. Göz öňü­ne ge­ti­riň, gy­şyň aň­zak­ly so­wu­gy, ap-ak do­na bü­re­nen te­bi­gat we şol ýer­de-de buz­dan bi­na edi­len myh­man­ha­na. Buz myh­man­ha­na­la­ry so­wuk ho­wa­ny go­wy gör­ýän sy­ýa­hat­çy­lar üçin ni­ýet­le­nip, da­şyn­dan aşa so­wuk ýa­ly bo­lup gö­rün­ýän hem bol­sa, içer­dä­ki tem­pe­ra­tu­ra otag şer­tinde – 17/-23 de­re­je­de sak­lan­ýar. Myh­man­ha­na­da­ky äh­li zat: di­war­lar, bas­gan­çak­lar, lýust­ra­lar, stol­dyr otur­gyç­lar, kür­sü­ler, di­wan­lar buz­dan ýasalýar. Hat­da gap-gaç­lar hem buz­dan. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä­dä­ki tä­sin buz myh­man­ha­na­la­ry ba­ra­da­ky gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

«Ice» myh­man­ha­na­sy, Ru­my­ni­ýa. Gar bi­len ör­tü­len Fegeraş dag­la­ryn­da gur­lan «Ice» myh­man­ha­na­sy ka­şaň otag­la­ry, açyk te­bi­gat­da­ky tä­sin baş­dan­ge­çir­me­le­ri bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu ýe­re gel­ýän myh­man­lar ly­ža­ly dag ge­riş­le­ri­ne çy­kyp, gar­da ýö­re­ýän ulag­lar ar­ka­ly gy­şyň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­dan lez­zet al­ýar­lar. Bu ýer­de kon­ki meý­dan­ça­la­ry hem bar. Myh­man­ha­na­nyň di­war­la­ry we me­bel­le­ri buz heý­kel­ta­raş­la­ry ta­ra­pyn­dan ýa­sa­lyp, için­de buz ham­ma­my we buz res­to­ra­ny bar. Gy­şy­na Ba­lea kö­lü­niň doň­ma­gy bi­len on­dan döw­lüp al­nan buz­lar­dan Fa­ga­ras da­gy­nyň de­pe­sin­de gyş­ky myh­man­ha­na gu­rul­ýar. Ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len myh­man­ha­na eräp, su­wy Ba­lea kö­lü­ne go­şul­ýar.
«Glace» myh­man­ha­na­sy, Ka­na­da. Ka­na­da­da gy­şy­na sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýän ýer­le­riň bi­ri hem «Glace» myh­man­ha­na­sy bo­lup, bu buz­dan ýa­sa­lan sun­gat binasy ha­sap­lan­ýar. Myh­man­ha­na­nyň için­de ki­çi­jik ösüp otu­ran ar­ça­la­ry gör­mek bol­ýar. Bu ýer­de or­naş­dy­ry­lan öz­bo­luş­ly buz heý­kel­le­ri myh­man­ha­na­nyň gö­zel­li­gi­ni art­dyr­ýar. Myh­man­ha­na 21 top­lum­dan yba­rat bo­lup, her­si­niň özü­ne mah­sus gur­lu­şy we be­zeg aý­ra­tyn­ly­gy bar.
«Iceho­tel», Şwe­si­ýa. «Iceho­tel» gar we buz­dan gur­lan dün­ýä­dä­ki il­kin­ji hem-de iň uly myh­man­ha­na ha­sap­lan­ýar. 30 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri myh­man­la­ry gar­şy al­ýan bu myh­man­ha­na­da gar­dan we buz­dan ýa­sa­lan sun­gat gur­na­ma­la­ry, eks­po­nat­lar ýy­lyň-ýy­ly­na tä­ze­çe gör­nüş­de ýa­sal­ýar. Buz bas­gan­çak­la­ry, buz lýust­ra­la­ry we buz­dan dö­re­di­len kar­ti­na­la­ry bi­len sy­ýa­hat­çy­lar­da ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri gal­dyr­ýan myh­man­ha­na Şwe­si­ýa­nyň hök­ma­ny ba­ryp gör­me­li ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
«Ig­lu» myh­man­ha­na­sy, Awst­ri­ýa. Ig­lu oba­syn­da ýer­leş­ýän ady­bir buz myh­man­ha­na­sy sy­ýa­hat­çy­la­ryň bar­mak üçin sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Ig­lu oba­syn­da ga­ryň ýag­ma­gy bi­len ly­ža ýa­ryş­la­ry, gyş­ky sport we güý­men­je çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu ýe­re gel­ýän ja­han­keş­de­ler «Ig­lu» myh­man­ha­na­sy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len tan­şyp, ro­man­tik buz otag­la­ryn­da dynç alyp bil­ýär­ler. Ýyl­dyz­la­ryň aşa­gyn­da ga­ryň ýag­şy­ny syn­la­mak, peý­nir­li ta­gam­lar, gyz­gyn şo­ko­lad­ly içim­lik­ler bu ýe­riň öz­bo­luş­ly ta­ra­py­dyr.
«Sor­ris­niva» myh­man­ha­na­sy, Nor­we­gi­ýa. Beý­le­ki buz myh­man­ha­na­la­ryn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da şä­he­re ýa­kyn ýer­de ýer­leş­ýän bu myh­man­ha­na gat­naw se­riş­de­le­ri­niň bar­ma­ýan­dy­gy se­bäp­li, ýö­räp git­me­li bol­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de gi­je­le­ri­ne pol­ýar şug­la­sy­ny gör­mek bol­ýar. Ýer­li me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi bo­lan «Sor­ris­niva» myh­man­ha­na­syn­da gä­mi­li baş­dan­ge­çir­me­le­r hem hö­dür­le­nil­ýär. Buz myh­man­ha­na­sy it­li ly­ža­ny ha­la­ýan­la­ryň hem-de su­gun­dyr ma­ral­la­ry ýa­kyn­dan syn­la­ma­gy go­wy gör­ýän­le­riň iň köp ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
«SnowVil­la­ge» myh­man­ha­na­sy, Finl­ýan­di­ýa. Buz otag­la­ry, buz res­to­ran­la­ry we bar­la­ry bo­lan myh­man­ha­na her ýyl­ baş­ga­ça be­zeg aý­ra­tyn­ly­gy bi­len gaý­ta­dan gu­rul­ýar. Myh­man­ha­na­nyň çä­gin­de buz­dan ýa­sa­lan kot­tej­ler hem bo­lup, myh­man­la­ra gyz­gyn ta­gam­lar hö­dür­len­ýär. Şeý­le hem bu ýer­de toý da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek üçin buz za­ly bo­lup, jü­büt­ler üçin buz­dan kür­si we buz tor­ty ýasalýar. «SnowVil­la­ge»-dä­ki iň go­wy baş­dan­ge­çir­me­ler gar ulag­la­ryn­da­ky ge­ze­lenç­ler bo­lup, bu ýer­de ge­ze­lenç ed­ýän to­par­lar üçin hu­su­sy aş­ha­na­lar hem bar.
«Che­na Hot Springs Re­sort», Al­ýas­ka. Dört myh­man­ha­na ota­gy bo­lan «Che­na Hot Springs Re­sort» dün­ýä bel­li «Au­ro­ra Ice Mu­sem» muzeýiniň ýer­leş­ýän ýe­ri­dir. Bu myh­man­ha­na­ny dö­ret­mek üçin müň ton­na­dan gow­rak gar we buz ula­ny­lyp­dyr. Bu ýer­de buz heý­kel­le­ri, ki­çi­räk se­ýil­gäh, res­to­ran hem-de jü­büt­ler üçin toý da­ba­ra­la­ry­na ni­ýet­le­nen buz ça­dy­ry hem bar. «Che­na Hot Springs Re­sort» ýy­lyň äh­li möw­sü­min­de myh­man­la­ry gar­şy al­ýan dün­ýä­niň iň uly buz mu­ze­ýi ha­sap­lan­ýar.