Ispaniýaly 115 ýaşly zenan häzirki wagtda Ýer togalagynyň iň garry ýaşaýjysy hasaplanýar. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby mälim etdi. Kataloniýada ýaşaýan Mariýa Branýas Moreranyň ýaşy 115 ýyl 325 güne deň.
Morera 17-nji ýanwarda 118 ýaşly fransuz zenany Andre aradan çykandan soň, dünýäniň iň garry zenany boldy.
1907-nji ýylyň 4-nji martynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde doglan Morera 8 ýaşyndaka maşgalasy bilen Ispaniýa göçüp gelýär. Soňky 22 ýylda garrylar öýünde ýaşan zenanyň saglyk ýagdaýy oňat.
Garry zenan esasan, “tertip-düzgünliligi, rahatlygy, maşgala we dost-ýarlaryň bilen köpräk aragatnaşyk saklamagy, tebigata golaý bolmagy, emosional durnuklylygy, aladalaryň we puşmanlyklaryň bolmazlygy, şeýle-de gowy täsirleriň köp bolup, betpäl adamlardan gaça durmagy uzak ýaşamagyň syrlary hasaplaýar.