Slowakiýada nobatdan daşary parlament saýlawlary 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda geçiriler. Bu barada “Pravda” habar portaly respublikanyň premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Eduard Hegere salgylanyp habar berdi.
Slowakiýanyň Milli Geňeşinde (parlamentde) köplüge eýe bolan liberal partiýalaryň ýolbaşçylary saýlawlaryň geçiriljek wagty barada ylalaşdylar. Mundan öň olar respublikanyň hökümet koalisiýasyny düzýärdiler, ýöne birnäçe aý ozal möhüm düşünişmezlikler sebäpli hyzmatdaşlygyny bes etdiler. Netijede, geçen ýylyň 15-nji dekabrynda parlament Ministrler Kabinetine ynamsyzlyk sesini berdi, şonda Prezident Zuzana Çaputowa täze hökümet bellenýänçä wezipelerini ýerine ýetirmek tabşyryldy.
Maglumatlara görä, liberal partiýalaryň ýolbaşçylary nobatdan daşary parlament saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen milli kanunçylyga zerur üýtgetmeler girizmek barada ylalaşyk gazandylar. Bu üýtgetmeler Milli Geňeşiň häzirki düzüminiň möhletinden öň ýatyrylmagyna degişlidir.
Slowakiýada nobatdaky parlament saýlawlary öňki saýlawlardan dört ýyl soň – 2024-nji ýylyň fewral aýynda geçirilmelidi.