Ispaniýanyň çempionaty «La Ligada» 18-nji tapgyrda sanawyň lideri «Barselona» öz meýdançasynda «Hetafeni» 1-0 hasabynda ýeňdi. Katalonlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 35-nji minutda Pedri öz adyna ýazdyrdy. Umumylykda 11 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýän katalonlar çempionatda geçiren 17 duşuşygyň 13-sinde derwezesine gol goýbermedi. «Barselona» şu wagta çenli çempionatda diňe 6 gol geçirdip, bu babatda TOP5 çempionatda öňdeligi saklap gelýär. «Barselona» iň golaý topar «Nýukasl» bolup, olar 11 gol geçirtdiler.

«La Ligada» soňky çempion «Real Madrid» myhmançylykda «Atletik» bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda madridliler Benzema (24) we Kroosyň (90) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Sanawda 3-nji orunda barýan «Real Sosiedad» hem şeýle hasap bilen myhmançylykda «Raýo Wallekanodan» üstün çykdy. «Atetiko Madrid» 10 minudyň dowamynda Morata (18), Grizmann (23) hem-de Hermosonyň (28) geçiren gollary bilen «Walýadolidi» 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çempionatda ýowuz günleri başdan geçirýän «Sewilýa» Rakitiçiň 88-nji minutdaky penaltiden geçiren goly esasynda «Kadizi» 1-0 ýeňdi. «Sewilýa» soňky 3-nji duşuşygyndaky 2-nji, möwsümdäki 4-nji ýeňşini gazandy.