NASA-nyň “Mars Reconnaissance Orbiter” aty emeli hemrasy arkaly Gyzyl planetanyň ýüzünde aýynyň ýüzüniň sudury tapyldy. Ylymda adamlaryň haýsydyr bir zadyň ýüzünde tanyş şekili görmekleri “Pareidolia” diýlip atlandyrylýar. Marsyň ýüzüniň suratynda hem aýynyň ýüzüniň şekiline meňzeşligi görmek bolýar. Bu şekil 12-nji dekabrda surata düşürilipdir. NASA suratyň deň masştablydygyny belläp, onuň meýdanynyň 2 müň metrdigini belleýär.
Astronomlar asman jisimlerinde mundan ozal hem haýsydyr bir zada meňzeýän şekilleri tapypdy. Mundan ozal Marsyň ýüzünde ýylgyrýan adamyň ýüzüniň şekili, pil we guş ýaly şekiller tapylypdy.