Bel­gi­ýa­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bir är-aýal goş bi­rik­dir­mek­le­ri­niň 80 ýyl­ly­gy­ny bel­le­di­ler. Ýur­duň Fla­mand se­bi­tin­de Hu­ta­len şä­he­rin­de ýa­şa­ýan Eduard Keý­wers we An­je­li­na Ha­sel­donk at­ly är-aýa­lyň ni­ka­sy­nyň 80 ýyl ozal, 1943-nji ýy­lyň 30-njy ýan­wa­ryn­da ýur­duň Gil şä­he­rin­de gyý­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Keý­wers 1923-nji ýyl­da, An­ge­li­na 1925-nji ýyl­da dün­ýä inip­dir. Şeý­le­lik­de, Keý­wers go­laý­da 100 ýa­şy­ny hem bel­le­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär.
Ýew­ro­pa Su­per asyr­lyk gu­ra­ma­sy­nyň Bel­gi­ýa­da­ky we­ki­li är-aýa­lyň ni­ka ha­ty­ny sel­je­rip, onuň ha­ky­ky­dy­gy­ny tas­syk­la­dy.
Keý­wers we Ha­sel­donk 2018-nji ýyl­da met­bu­gat­da çap edi­len söh­bet­deş­li­gin­de ara­dan ge­çen ýyl­la­ra ga­ra­maz­dan, hä­zi­rem bir-bir­le­ri­ne aşyk­dyk­la­ry­ny mä­lim edip­di­ler.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, mun­dan ozal ýurt­da di­ňe 8 är-aýal ni­ka­la­ry­nyň 79-njy ýyl­ly­gy­ny gö­rüp­dir.
Ýew­ro­pa­da ni­ka­nyň 25 ýyl­ly­gy “kü­müş”, 50 ýyl­ly­gy “al­tyn”, 70 ýyl­ly­gy “pla­ti­na” we 80 ýyl­ly­gy “dub” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.