BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2023-nji ýyl – Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň nobatdaky üstünligi boldy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny üpjün etmekde we ösüş üçin amatly daşarky şertleri döretmekde hakykatdan-da binýatlaýyn ähmiýete eýedir.
Halkara jähtden Türkmenistanyň baky Bitaraplygy, hususan-da, onuň işjeň oňyn gönükdirilendigi sebit we bütindünýä möçberinde durnuklylygy, öňünden çaklamak mümkinçiligini pugtalandyrmakda, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ähmiýetli ýagdaý boldy. Bulardan başga-da, Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlar ählumumy gün tertibiniň harby-syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ölçeglerine amaly goşant goşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmegi, birnäçe Kararnamalary, şol sanda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi bitaraplyk ýörelgesiniň täze derejä eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistan strategik taýdan ähmiýetli, iri möçberli we uzak möhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan, dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly agzasy hökmünde özüni tanatdy. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň baý we oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäniň syýasy giňişliginde öz ornuny berkidýär hem-de halkara gatnaşyklarynyň ähli ulgamyny pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga işjeň gatnaşýar.
Halkara, sebit we milli derejelerde tagallalaryň yzygiderli birleşmeginiň zerurdygy sebäpli, Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň ilat gaznasy, Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.
Hormatly Prezidentimiziň Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda: «Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň dünýä taryhynda nusgalyk tejribesi toplanyldy» diýip belledi. Geçen ýyllarda Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň köp sanlysy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna ýedi gezek saýlandy. Halkara we sebit guramalarynyň, döwletara hyzmatdaşlygynyň gurallarynyň ençemesiniň agzasy bolmak bilen, parahatçylyk medeniýetiniň berkidilmegine goşant goşdy. Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, ulag-energetika, saglygy goraýyş we ekologiýa abadançylygy baradaky konwensiýalaryň çäklerinde öňe süren örän ähmiýetli teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyza berýän ünsüniň we hormatynyň aýdyň beýanydyr. Taryh üçin gysga döwürde türkmen Bitaraplygy dünýäde belent ykrarnama eýe bolmak bilen, Aşgabat bu ykrarnamanyň jähetinde sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkeze öwrülýär. Dürli dawa-jenjelleriň parahatçylykly çözülmegini ugur edinip, ýurdumyz möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, dünýäde «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly taglymatlaryny dabaralandyrýar.
Döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi babatda bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, umumy parahatçylygyň höküm sürmeginiň, adamzat ykbalynyň hatyrasyna öňe sürýän halkara başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Äsälhan KARIMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.