Alym­lar An­tark­ti­ka­da buz­luk­la­ryň as­tyn­da dü­zü­min­de Gün ul­ga­my­nyň iň ga­dy­my ma­te­ri­a­ly bo­lan äpet me­teo­ri­diň üs­tün­den bar­dy­lar. Bri­tan alym­la­ry Şa­gy­zy Eli­za­bet yl­my-bar­lag stan­si­ýa­sy­nyň go­la­ýyn­da bäş sa­ny tä­ze nus­ga­ly­gy tap­dy­lar. Bu as­man ji­si­mi­niň ga­lyn­dy­sy­nyň Gü­nüň we pla­ne­ta­la­ryň eme­le gel­şi ba­ra­da tä­ze mag­lu­mat­la­ry öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi mä­lim edil­di. Ag­ra­my 7,6 ki­log­ra­ma ba­ra­bar bo­lan da­şy tap­mak aň­sat bol­man­dyr. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Fe­de­ral teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri, pro­fes­so­r Ma­ri­ýa Şon­bah­ler şeý­le uly as­man ji­si­mi­ni tap­ma­gyň bagt işi­di­gi­ni bel­le­di.
ABŞ-nyň Çi­ka­go şä­he­rin­dä­ki Fild mu­ze­ýi­niň yl­my iş­gä­ri, dok­tor Ma­ri­ýa Wal­des me­teo­rit­le­riň ulu­ly­gy­nyň o di­ýen äh­mi­ýe­ti­niň ýok­du­gy­na ün­si çe­kip, ki­çi mik­ro­me­teo­rit­le­riň yl­my taý­dan gym­mat­ly bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu­lar ýa­ly uly me­teo­ri­ti tap­mak örän seý­rek bolýan ýagdaýdyr.
As­man ji­si­mi has iç­gin öw­re­nil­mek üçin Bel­gi­ýa­da­ky la­bo­ra­to­ri­ýa­la­ryň bi­ri­ne ibe­ri­ler.
«New Scien­tist» žur­na­ly­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ma­te­rik­den go­pup aý­ryl­ýan uly aýs­berg­ler bu­zuň aşa­gyn­da ga­lan ga­dy­my as­man ji­sim­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ýar. Ge­çen asyr­da An­tark­ti­ka­da
45 müň­den gow­rak me­teo­ri­tiň ta­py­lan­dy­gy, em­ma ola­ryň di­ňe 100 sa­ny­sy­nyň ulu­dy­gy mä­lim edil­di.

Aman­jan KA­KY­ŞO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.