Hy­ta­ýyň Hen­sin şä­he­rin­dä­ki Fuk­siang aý­la­gy­nyň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän «Chi­me­Long Ocean King­dom» dün­ýä­niň iň uly ak­wa­riu­my ha­sap­lan­ýar. 49 mil­li­on litr suw kuw­wa­ty bo­lan bu se­ýil­gäh Çi­me­long hal­ka­ra um­man şy­pa­ha­na­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lup, dün­ýä­dä­ki iň go­wy 10 se­ýil­gä­hiň ha­ta­ry­na gir­ýär. 2014-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­len bu ak­wa­ri­um Hy­ta­ýyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky öň­de­ba­ry­jy mer­kez­le­riň bi­ri­dir. «Chi­me­Long Ocean King­dom» ak­wa­riu­my de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň müň­ler­çe gör­nü­şi, be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de su­was­ty se­ýil­gäh ýo­da­la­ry bi­len her ýyl­da or­ta­ça 8 mil­li­on sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýär.
«Chi­me­Long Ocean King­dom» ak­wa­riu­my­nyň dü­zü­min­de dün­ýä­dä­ki iň uly ak­ril pa­ne­li, 330 ine­dör­dül metr ak­ril meý­da­ny we kit­dir aku­la­la­ryň ýa­şa­ýan «Wha­le Shark Exhi­bit» su­was­ty güm­mez bar. Dia­met­ri 12 metr, göw­rü­mi 22,7 mil­li­on litr suw­ly bu güm­mez dün­ýä­dä­ki iň uly su­was­ty se­ýil­gäh ha­sap­lan­ýar. 5 ugurdan Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len dün­ýä­niň iň uly ak­wa­riu­myn­da 15 sa­ny att­rak­si­on meý­dan­ça bo­lup, aku­la­dyr kit­ler, polýar aýylarydyr suw ýy­lan­la­ry, del­fin­ler­dir moržlar hem-de pingwinler bi­len bir ha­tar­da ba­ly­gyň 20 müň­den gow­rak gör­nü­şi sak­lan­ýar. Ak­wa­ri­um­da güý­men­je meý­dan­ça­la­ryn­dan baş­ga-da, açyk ho­wuz­da del­fin­le­riň, moržlaryň hem-de be­lu­ga kit­le­ri­niň şü­we­leň­le­ri gör­ke­zil­ýär. Aý­dym-saz­ly, şow­hun­ly ge­çi­ril­ýän de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry, esa­san hem, kör­pe sy­ýa­hat­çy­lar­da gaý­ta­lan­ma­jak duý­gu­la­ry dö­red­ýär.
Ak­wa­ri­um sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni çek­mek bi­len bir ha­tar­da, bio­log­la­ryň we bar­lag ge­çi­ri­ji­le­riň tej­ri­be sy­nag­la­ry­ny ge­çir­mek­le­ri hem-de ylym dün­ýä­sin­de tä­ze­lik­le­ri aç­mak­la­ry üçin amat­ly şert dö­red­ýär. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji Ta­ka­şi Ama­no: «Te­bi­ga­ty ýa­kyn­dan syn­la­mak dün­ýä­mi­ze has go­wy dü­şün­mä­ge we ony nä­dip go­rap sak­la­ma­ly­dy­gy­ny öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Chi­me­Long Ocean King­dom» ak­wa­riu­my­ny şä­her we de­ňiz gur­şa­wy­ny bir­leş­dir­ýän ýer hök­mün­de göz öňü­ne ge­ti­rip bi­le­ris» di­ýip bel­le­ýär.