ABŞ-nyň BMG-däki ozalky hemişelik wekili Nikki Heýli ABŞ-da 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynda Respublikan partiýasyndan öz dalaşgärligini yglan etmegi meýilleşdirýär. Ol bu barada CNN teleýaýlym kompaniýasy çeşmelere salgylanyp habar berdi.
Nikki Heýli 2017-nji ýylyň ýanwaryndan 2018-nji ýylyň oktýabryna çenli ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekili bolup işledi. Ol bu wezipä bellenenden soň, köp bilermenler gelejekde Heýliniň Respublikan partiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär bolup biljekdigini çaklapdylar. 51 ýaşly Heýli bilimi boýunça hasapgärdir. Ol syýasata gelmezden ozal, öz ugrundan, şeýle hem, “Exotica International” kompaniýasynda maliýe direktory bolup işledi.