ABŞ-nyň teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry “App­le”, “Ama­zon” we “Alp­ha­bet” (“Go­og­le”-yň eýe­si) ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­dä­ki gir­de­ji­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. “App­le”-yň sa­tu­wy ozal­ky ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 5 gö­te­rim aza­lyp, 117,2 mil­liard dol­la­ra dü­şüp­dir. Kom­pa­ni­ýa 2021-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de 123,9 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Şeý­le­lik­de kom­pa­ni­ýa­nyň sa­tu­wy 2019-njy ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek pe­se ga­çyp­dyr. De­giş­li dö­wür­de kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si 121,1 mil­liard dol­lar bo­lup, ga­ra­şy­lan­dan pes bo­lup­dyr. “App­le” aras­sa peý­da­sy bol­sa, de­giş­li dö­wür­de 13 gö­te­rim aza­lyp, 30 mil­liard dol­la­ra dü­şüp­dir. 2021-nji ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de bu gör­ke­zi­ji 34,6 mil­liard dol­lar bo­lup­dyr.

“iP­ho­ne” we “Mac” sa­tu­wy azal­dy, “iPad” sa­tu­wy kö­pel­di
De­giş­li dö­wür­de kom­pa­ni­ýa­nyň smart­fon­la­ry we komp­ýu­ter­le­ri has köp sa­ty­lan bol­sa, plan­şet sa­tu­wy ar­typ­dyr. “iP­ho­ne” sa­tu­wyn­dan al­nan gir­de­ji ge­çen ýy­lyň okt­ýabr-de­kabr aý­la­ryn­da ozal­ky ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 8 gö­te­rim azal­typ, 65,8 mil­liard dol­la­ra dü­şüp­dir.
De­giş­li dö­wür­de “Mac” sa­tu­wy 29 gö­te­rim aza­lyp, 7,7 mil­liard dol­la­ra dü­şüp­dir. “iPad” sa­tu­wyn­dan al­nan gir­de­ji 30 gö­te­rim ar­typ, 9,4 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir.
Elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­tu­wy ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de ga­ra­şy­lan­dan ýo­ka­ry gir­de­ji ga­zan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de ga­za­nan gir­de­ji­si ozal­ky ýyl­da­ky­dan 9 gö­te­rim ar­typ, 149,2 mil­liard dol­la­ra ýet­di. Kom­pa­ni­ýa 2021-nji ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de 137,4 mil­liard dol­lar­lyk sa­tuw ama­la aşy­ryp­dyr.
Elekt­ron söw­da ägir­di ge­çen ýy­lyň tu­tuş do­wa­myn­da bol­sa, 2,7 mil­liard dol­lar ýit­gi çe­ken­di­gi­ni mä­lim et­di. kom­pa­ni­ýa 2021-nji ýyl­da 33,4 mil­liard dol­lar aras­sa peý­da ga­za­nyp­dyr.
“Go­og­le”-a eýe­çi­lik ed­ýän “Alp­ha­bet”-iň ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de gir­de­ji­si­ni ar­typ­dyr, peý­da­sy bol­sa aza­lyp­dyr.
Kom­pa­ni­ýa­nyň üç aýyň do­wa­myn­da ga­za­nan gir­de­ji­si ozal­ky ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 1 gö­te­rim ar­typ, 76,1 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. “Alp­ha­bet” 2021-nji ýy­lyň okt­ýabr-de­kabr aý­la­ryn­da 75,3 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­za­nyp­dyr.