12-nji fewralda Kipr Pespublikasynda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçiriler. Oňa garaşsyz dalaşgär, ýurduň öňki daşary işler ministri Nikos Kristodulidas we Zähmetkeş halk partiýasy (AKEL) tarapyndan goldanylýan garaşsyz dalaşgär Andreas Mawroýannis gatnaşar.
5-nji fewralda geçirilen birinji tapgyrda Nikos Kristodulidas 32,04% sese, Andreas Mawroýannis bolsa, 29,61% sese eýe boldy. Häkimiýet başyndaky “Demokratik bileleşik” partiýasynyň dalaşgäri Awerof Neofitu 26,1% sese eýe bolup, sesleriň ikinji tapgyrynda prezidentlik ugrundaky basdeşlige gatnaşmak hukugyny ýitirdi.
Kipriň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident saýlawlarynda hiç bir dalaşgär 50%-den köp ses gazanyp bilmese, birinji tapgyrda iň köp ses gazanan iki dalaşgär ikinji tapgyra çykýar. Statistikalara görä, häzirki umumy saýlawlarda 14 dalaşgär prezidentlige dalaş etdi. Bu syýasy çärede 56,1 müňden gowrak saýlawçy hasaba alynyp, saýlawçylaryň gatnaşygy 72,05%-e deň boldy.