Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçiriljek ýurdymyzyň durmuşynda möhüm syýasy çärä bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryň saýlawlaryny Türkmenistanyň Konstitutsiýasyna, Türkmenistanyň saýlaw kodekisine laýyklykda geçirmek boýunça Köneürgenç etrabynda hem degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 3 sany, welaýat halk maslahatynyň saýlawlary boýunça 4 sany, etrap halk maslahatynyň saýlawlary boýunça 20 sany we Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça 160 sany saýlaw okruglary döredildi. 16 sany geňeşlik saýlaw topary döredilip, olaryň düzimi tassyklandy. Etrabymyzyň çäginde 55 sany saýlaw uçastogy döredildi we olaryň araçäkleri kesgitlendi.
Häzirki wagtda syýasy partiýalar we raýatlar topary tarapyndan her bir okruga dalaşgärler hödürlemek boýunça ýygnaklar işjeň ýagdaýda geçirilýär. Ähli okruglara bir orna birnäçe dalaşgärler hödürlenýär. Munuň özi saýlawlaryň giň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelip, Garaşsyz Baky Bitarap döwletimizde demokratiýanyň has-da çuňlaşýandygyny äşgär edýär. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň dalaşgärligine ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, dürli kärlerinde zähmet çekýän, ilat arasynda hormatlanýan iň mynasyp raýatlary hödürleýäris, olaryň işjeňlik, guramaçylyk ukyplary bilen saýlawçylary ýakyndan tanyşdyrýarys.
Saýlawyň açyklyk we aýanlyk derejesinde geçmek üçin syýasy partiýalar jemgyýetçilik guramalar tarapyndan milli synçylar hödürlenýär. Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Köneürgenç etrap komiteti tarapyndan hem partiýa agzalarymyzdan milli synçylary hödürledik. Olar saýlaw döwrinde özleriniň bellenen saýlaw uçastoklarynda bolup, saýlawyň talabalaýyk geçirilişine gözegçilik eder.
Ýakyn günlerde geçiriljek Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalaryň saýlawlarynyň milli kanunçylygymyzda beýan edilen kadalara laýyklykda ýokary guramaçylykly geçiriler we ýurdymyzyň ösüşinde uly ähmiýete eýe bolar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdymyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatynda uly ähmiýete eýe boljak bu möhüm syýasy çäräni guramaçylykly geçirmek boýunça ähli işler meýilnama laýyklykda guramaçylykly alnyp barylýar.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni