Tymsal 

Garga kepderileriň gowy idedilýändigini görüp, ak reňke boýanypdyr-da, kepderileriň ketegine giripdir. Kepderiler ilki ony özleri ýaly saýyp, ketege goýberipdirler. Garga kepderilere berilýän iýmlerden garnyny mazaly doýrupdyr. Soňra-da huşuny ýitirip gagyldapdyr. Şol wagt kepderiler onuň kesekidigini bilip, ýerli-ýerden çokup, kowup goýberipdirler. Garga yzyna – beýleki  gargalaryň ýanyna barypdyr. Emma gargalar onuň reňkiniň akdygyny görüp gorkupdyrlar. Olar hem ony öz aralaryna goşman, kowup goýberipdir.

Terjime eden: Gülaýym GELDIMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.