Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” bel­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le hem ila­ta edil­ýän je­ma­gat-dur­muş hyz­mat­la­ry­nyň de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­li­gi­ne Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýe­ras­ty suw­la­ryň de­re­je­le­ri­ni pe­selt­mek hem-de la­gym we ýa­gyn suw­la­ry­ny ak­dy­ry­jy ýe­ras­ty zeý­keş ör­tük­le­ri­ni gur­mak ba­ra­da Şweý­sa­ri­ýa Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň “СAI In­ter­bud­mon­tazh GmbH” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma­ny, da­şar­ky el­ti­ji suw we la­gym üp­jün­çi­li­gi­niň in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny hem ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da baş­la­mak we des­ga­ny 2030-njy ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.