Tokaýdaky täsin jaýlar

247

Ýer ýü­zün­de sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­mek üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da eko­sy­ýa­hat­çy­lyk hem ja­han­keş­de­çi­li­giň ös­ýän ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Esa­san, dag ýo­da­la­ryn­da ge­ze­lenç et­me­gi, köl­le­riň ýa-da der­ýa­lar­da­ky ge­ze­len­ji öz içi­ne al­ýan bu ugur has meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Bra­zi­li­ýa­nyň Mon­te Wer­de şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da, to­ka­ýyň jüm­mü­şin­de tä­sin jaý­lar gu­rul­dy. Bu jaý­la­ryň pen­ji­re­le­ri agaç ýap­rak­la­ry­na meň­ze­ýän owa­dan geo­met­rik na­gyş­lar bi­len be­ze­lip­dir. Tä­sin ja­ýyň tas­la­ma­sy­ny “Stu­dio MEMM” bi­na­gär­lik fir­ma­sy taý­ýar­lap­dyr. Sü­tün­le­riň üs­tün­de ýer­leş­ýän ja­ýyň yz­ky how­lu­syn­da se­ki hem göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Te­bi­gat ilen saz­la­şyk­ly edi­lip di­zaýn edi­len se­ki aras­sa ho­wa­dan dem al­ma­ga, gö­zel­lik­le­ri syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Otag­la­ryň için­de al­ýu­min çar­çu­wa­ly pen­ji­re­ler otur­dy­lyp­dyr. Dynç alyş otag­la­ry­ny ýa­dy­ňa sal­ýan ja­ýyň pen­ji­re­le­rin­den go­laý­da­ky agaç­lar we ho­wuz aý­dyň gö­rün­ýär.
Tä­sin gur­luş­ly ja­ýyň pen­ji­re­le­ri­ne ýel­me­nen şöh­le şe­kil­li na­gyş­lar agaç ýap­rak­la­ry­na meň­zeş bo­lup, bi­na­gär­le­riň pi­ki­ri­çe, adam­la­ryň ra­hat­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Mah­la­sy, bu tä­sin jaý to­ka­ýyň aras­sa ho­wa­syn­da dynç al­mak üçin gel­ýän­le­riň dü­şel­ge­si­ne öw­rü­lip­dir.

Gül­şat Ora­zo­wa, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by