“Suns­tall” at­ly ame­ri­kan şe­re­ke­ti fer­ma­lar we oba ho­ja­ly­gy üçin dik Gün ul­gam­la­ry­ny ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. “Sun­za­un” at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ön­dü­ril­jek pa­nel­ler oba ho­ja­ly­gyn­da Gü­neş­li ho­wa­da ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Bu Gün pa­nel­le­ri­niň dik bol­ma­gy­nyň se­bä­bi, onuň otur­dy­lan ýe­rin­de ekin ekip ýa-da mal ba­kyp bol­ýan­dy­gy­dyr. Esa­san, ys­sy ýurt­lar­da ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen gur­lu­şyň dö­red­ýän kö­le­ge­si has ýo­ka­ry ha­syl al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem ýe­re ala kö­le­ge sal­ma­gy top­ra­gyň dü­zü­min­dä­ki çy­gy bu­gart­man sak­la­ýar.
Mer­ke­zi eda­ra­sy Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da ýer­leş­ýän “No­wa­to” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, dik Gün ul­gam­la­ry­ny şä­her inf­rast­ruk­tu­ra­sy hök­mün­de, ýag­ny aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň gy­ra­la­ryn­da, de­mir ýol­la­ryň gap­da­lyn­da or­naş­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le hem bu pa­nel­ler ha­ýat hök­mün­de hem ula­ny­lyp, şol bir wag­tyň özün­de ener­gi­ýa ön­dür­mä­ge hem müm­kin­çi­lik be­rer. Dik ýer­leş­di­ril­jek pa­nel­le­riň iki ta­rap­ly bo­lup, has ne­ti­je­li iş­lär.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Leýp­sig ama­ly ylym­lar uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň ge­çen ýy­lyň aw­gus­tyn­da “Smart Ener­gy” žur­na­lyn­da çap edi­len ma­ka­la­syn­da bir ta­ra­py gün­do­ga­ra, beý­le­ki­si gün­ba­ta­ra ta­rap bak­dy­ry­lan Gün pa­nel­le­ri­ni oturt­ma­gyň has ýo­ka­ry ne­ti­je ber­ýän­di­gi mä­lim eidl­dip­di.

Döw­ran Sa­ha­dow, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyñ mu­gal­ly­my.