Da­gys­tan­da şa­hyr Ra­sul Gam­za­to­wyň ady­na me­dal dö­re­dil­di. Bu me­dal me­de­ni­ýet, sun­gat, bi­lim, yn­san­per­wer­lik we ede­bi­ýat pu­da­gyn­da­ky aý­ra­tyn üs­tün­lik­le­ri, me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy öw­ren­mä­ge we go­rap sak­la­ma­ga, me­de­ni gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge we ber­kit­mä­ge go­şan go­şan­dy üçin bel­li şah­sy­ýet­le­re gow­şu­ry­lar.
Ra­sul Gam­za­tow 1923-nji ýy­lyň 8-nji sent­ýab­ryn­da Da­gys­ta­nyň Sa­da oba­syn­da dün­ýä in­di. Awar we rus dil­le­rin­de ýa­zy­lan on­lar­ça şa­hy­ra­na, pro­za we pub­li­sis­tik eser­ler onuň ga­la­my­nyň as­tyn­dan çyk­dy. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry­nyň kö­pü­si­ne saz dü­zül­di. Ola­ryň ara­syn­da sö­weş­ler­de gur­ban bo­lan es­ger­le­re ba­gyş­la­nan meş­hur “Dur­na­lar” di­ýen aý­dym bar. Gam­za­tow 2003-nji ýy­lyň 3-nji no­ýab­ryn­da ara­dan çyk­dy we Ma­haç­ka­la­nyň go­la­ýyn­da­ky Tar­ki-Tau da­gy­nyň ete­gin­dä­ki mu­sul­man go­nam­çy­ly­gyn­da jaý­lan­dy.
Ra­sul Gam­za­to­wyň dog­lan gü­nü­niň 100 ýyl­ly­gy 2023-nji ýyl­da Rus­si­ýa­nyň hem­me ýe­rin­de bel­le­ni­ler, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, şa­hy­ryň ýu­bi­le­ýi­ni bel­le­mek üçin gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti tas­syk­lan­dy. Ýu­bi­leý da­ba­ra­la­ry­nyň esa­sy me­ýil­na­ma­sy köp­çü­lik­le­ýin me­de­ni, me­de­ni we aň-bi­lim, yl­my we ama­ly ýa­ly 40-dan gow­rak çä­rä­ni öz içi­ne al­dy.
Da­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Me­de­ni­ýet mi­nist­ri Za­re­ma Bu­ta­ýe­wa­nyň pi­ki­ri­çe, Gam­za­to­wyň dog­lan gü­nü­niň 100 ýyl­ly­gy­ny bel­le­me­giň çä­gin­de ber­jaý edil­me­li iş­ler res­mi taý­dan tas­syk­lan­dy we ýu­bi­le­ýi bel­le­mek üçin fe­de­ral we res­pub­li­kan me­ýil­na­ma­lar ka­bul edil­di. Re­sul Gam­za­tow ýy­ly­nyň res­mi açy­ly­şy 21-nji few­ral­da Ma­haç­ka­la­da­ky Rus dra­ma te­at­ry­nyň Uly za­lyn­da bo­lar.