Şäher ilatynyň artmagy adamlaryň tebigatdan üzňe bolmagyna getirdi. Şäherlerde seýilgähler, deňiz ýa-da derýa kenarlarynda ýodalar we botanika baglary bar hem bolsa, işden ýa-da okuwdan gelenden soňra mellegiňde gülleri suwaryp, baglara ideg edip bolmaýar. Tebigaty halaýan adamlar aýnanyň öňünde goýlan otag ösümliklerine, akwariumyndaky balyklara ýa-da kapasadaky guşa ideg edýär. Hytaýyň “Bjarke Ingels Group” binagärlik kompaniýasy bolsa, beýik jaýlaryň her gatynda aýratyn bag döretmegi meýilleşdirýär. Şenžen şäherinde guruljak iki sany täze gökdiräniň balkonynda kiçiräk bag bolup, ol ýerde dürli agaçlar, ösümlikler ösdüriler. Binalaryň biriniň beýikligi 300 metre barabar bolup, ýaşaýyş jaý üçin niýetlener. Beýikligi 250 metre ýetýän beýleki binada iş ýerleri ýerleşer. Bir-birine meňzeş bolan iki binanyň daş tarapynda agaç ekmek üçin balkonlar bolar. Jaýlaryň üçegine ýagýan ýagynyň suwy ýygnalyp, bu baglary suwarmakda we binanyň beýleki zerurlyklary üçin peýdalanylar. Bagyň suwarylmagy awtomatiki ulgam arkaly ýola goýlar. Baglaryň ýaşaýjylar we işgärler üçin arassa howany üpjün etjekdigi bellenilýär.
Aýperi Kakyşowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









