Görnükli häzirki zaman ýapon ýazyjysy Haruki Murakaminiň täze romany aprel aýynda satuwa çykar. Bu barada «Shinchosha» neşirýaty habar berdi. Täze eseriň ady heniz gizlin saklanýar. Kitap 13-nji aprelde kitap dükanlaryna ýaýrar. Onuň göwrümi 1200 sahypa, bahasy 2970 ýen (22 dollar) bolar. Kitabyň çap edilen görnüşi bilen bir wagtda onuň elektron görnüşi hem satuwa çykarylar.
Bu Murakaminiň soňky alty ýylyň içinde ýazan ilkinji romanydyr. Ýazyjynyň öňki eseri «Serkerdäniň janyna kast edilmegi» ady bilen 2017-nji ýylyň fewralynda neşir edilipdi. Haruki Murakaminiň eserleri 40-dan gowrak dile terjime edildi. Ýazyjynyň «Goýun awy», «Norwegiýa tokaýlygy», «Tow berilýän guşuň ýazgylary», «Deňiz kenaryndaky Kafka», «1Q84» ýaly romanlary hem meşhurdyr. Murakami edebiýat boýunça Nobel baýragyna birnäçe gezek dalaşgär görkezildi.