Fransiýanyň çempionatynda PSŽ topar öz meýdançasynda “Lill” toparyny kabul edip, kynlyk bilen ýeňlişe sezewar etdi. Mbappe (12) we Neýmaryň (17) gollary esasynda 2-0 öňe saýlanan parižliler “Lilliň” 3 goluna çäre tapyp bilmedi. Oýnuň ahyrlarynda super ýyldyzlar – Mbappe (87) bilen Messi (90+5) tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getirdiler. PSŽ topary Mbappeniň “Park de Prens” stadionynda gol geçiren 52-nji duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başardy. Messsi bolsa jerime urgusyndan 61-nji goluny geçirip, toparyna 3 utuk gazandyran oýunçy boldy. Duşuşykda şikes alan Neýmaryň 2-3 hepdeläp, oýnap bilmejekdigi habar berildi.
“Marsel” myhmançylykda “Tuluzany” 3-2 hasabynda ýeňdi. Golowin we Boadunyň gollary bilen “Bresti” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Monako” hem çempionlyk ugrundaky göreşi dowam etdirýär.