Şahyr 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dünýä inýär. Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýän ýazyjynyň ilkinji goşgusy mekdepde okaýarka gazetlerde çap edilip başlandy.
S.Ýazowa 1966-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünärini tamamlaýar. Ol 1966–1968-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 1968–1977-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetiniň bölüm müdiri, 1977 — 2004-nji ýyllarda «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, 2004-2005-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň syýasat bölümçesiniň režissýory, ses režissýory, 2006–2011-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dubliýaž bölüminiň redaktory, 2011–2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dubliýaž bölüminiň redaktory, 2012 – 2017-nji ýyllarda bolsa şol bölümiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy wezipelerinde işledi.
Halypa şahyr 2017-nji ýylda hormatly dynç alşa çykdy.
Şahyr Sona Ýazowa 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 2014-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» hormatly atlary berildi, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2008-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2009-njy ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2011-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. 2007, 2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.