Rumyniýanyň Premýer-ministri Nikolaý Çuke emeli aň geňeşçisinden maslahat alan ilkinji syýasy liderdigini mälim etdi. ION atly aýna şekilli emeli aň ulgamy, rumyn hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Ýurduň hökümet başlygy bu emeli aň geňeşçisiniň kömegi bilen ilatyň “pikirlerine we haýyşlaryna” çalt jogap berip biljekdigini aýtdy.
Rumyniýanyň premýer-ministri Nikolaý Çuke emeli aň bilen işleýän Ministrler Kabinetiniň täze agzasyny tanyşdyrmak bilen hemmeleri haýran galdyrdy.
Rumynlar özüniň pikirlerini web sahypasy (ion.gov.ro), şeýle hem jemgyýetçilik torlary we beýleki internet meýdançalary arkaly iberip bilerler. Emeli aň arkaly döredilen geňeşçi bu pikirleri jemläp, hökümetiň garamagyna hödürlär. Ýöne ulanyjylara emeli aňdan jogap alyp bilmezler.
Çuke aýna şekilli täze “hormatly geňeşçisiniň” nähili işleýändigini hem görkezdi. “Ion” hökümet başlygynyň buýruklaryna ses bilen jogap berdi we berlen jogaplar birwagtyň özünde aýnanyň ýüzünde hat üsti bilen peýda boldy.