Mundan 2 hepdä golaý öň “Duty Free Katar Açyk” tennis ýaryşynda çempionlyk gazanan russiýaly Daniil Medwedew bu gezek Dubaý Tennis bäsleşiginde ýeňiji boldy. 27 ýaşyndaky tennisçi finalda geçen ýylyň çempiony, watandaşy Andreý Rublewden 6:2 we 6:2 hasaplar bilen üstün çykmagy başardy. Medwedew umumy baýrak gaznasy 3 million dollardan ýokary bolan bu ýaryşyň ýarym finalynda sanawyň 1-nji belgilisi Nowak Jokowiçi ýeňipdi. Şeýlelikde, bu ýeňiş onuň ATP ýaryşlaryndaky bassyr 3-nji çempionlygy bolup, ol 19-njy fewralda Rotterdamda, 25-ni fewralda-da Dohada çempionlyk gazanypdy. ATP-niň sanawynda 6-njy orunda barýan Medwedew 4-nji martda-da Dubaýda ýeňiji bolup, karýerasyndaky 18-nji kubogyny asmana göterdi.