Sahawatly türkmen topragyna bahar geldi. Her bir paslyň özüne mahsus aýratynlygy bar. Dag-derelerimiziň, düzlerimiziň gül-gülzarlyga beslenmegi, guşlaryň jürküldeýişleri bahar paslynyň gelenini buşlaýar. Baharyň gelmegi bilen gözel tebigatymyza gözellik goşulýar. Tebigatymyz janlanýar. Bahar paslynyň ilkinji aýynda halkara derejesinde Nowruz baýramynyň bellenilmegi hem aýratyn şatlykly wakalaryň biri. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda şol sanda Nowruz baýramy biziň ýurdymyzda her ýyly ýatdan çykmajak pursatlar bilen döwlet derejesinde Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasynda, sol sanda welaýatlaryň ähli etrapdyr, şäherlerinde, obalarynda uly şatlyk-şowhun bilen garşylanýar.
Gündogaryň iň gadymy toý-baýramlarynyň biri hasaplanýan nowruz baýramçylygynyň aňrysynda astronomik sebäpler bar. Ol gyşyň sowuk howasynyň doly sowlup, tebigata jan girmegini alamatlandyrýar. Nowruz baýramy tebigatyň täzelenişi, topragyň gyş ukysyndan oýanyp, güller açylyşy, ekerançylyk işleriniň başlangyjy bilen baglanyşyklykda, ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda mart aýynyň 21-ine Milli bahar baýramy hökmünde döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň çar künjünde dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Köneürgenç şäherindäki Baýdak meýdançasynda geçirilen çäre hem Milli bahar baýramyna bagyşlanyp, çäräni Köneürgenç etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň, medeniýet bölüminiň bilelikde guradylar. Çäräniň geçirilen ýeri toý lybasyna bürenip, köp öwüşgünli güller, gök otlardan dürli şekiller bilen bezelmegi tebigatyň janlanyşynyň, ülkämize bahar paslynyň ýetip geleniniň buşlukçysy boldy. Türkmeniň alty ganat ak öýleri dikildi, olaryň öňlerinde agaç we agaç önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, gelin-gyzlarymyzyň dürli el işleriniň, şaý sepleriniň sergileri görkezildi. Toý gazanlary atarylyp bişmedir palaw, çorbadyr, köje ýaly milli tagamlarymyz taýýarlandy. Çärä gatnaşýan myhmanlara hödür-kelem edildi. Oglanjyklaryň owlak-guzy, alabaý güjüjekler bilen oýnamagy, aýterek-günterek oýnamagy bagtyýar çagalaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Etrabymyzyň tanymal aýdymçylary aýdym-sazly çykyşlarynyň, folklýor toparynyň joşgunly tanslarynyň, sahna oýunlarynyň üsti bilen nowruz baýramçylygynyň waspyny ýetirdiler. Uzak wagtlap dowam eden baýramçylyk dabarasy bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy Milli bahar baýramy Halkara nowruz güni tämizligiň, sahawatyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, bagtyýarlygyň baýramy höküminde umumyadamzat medeniýetiniň naýbaşy gymmatlygyna öwrüldi.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni