UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalda Germaniýadan 2-0 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Napoli” toparyna öz meýdançasynda “Aýntrahty” ýeňmek kyn düşmedi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen duşuşykda “Serie A”-da günsaýyn çempionlyga barýan “Napoli” 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Neapollylara ýeňiş gazandyran gollaryň 2-sini 45+2-nji hem-de 53-nji minutlarda Wiktor Osimhen, şeýle-de, 64-nji minutda penaltiden Piotr Zielinski geçirdi. Şeýlelikde, “Napoli” topary taryhynda ilkinji gezek UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finala adyny ýazdyrmagy başardy. Şu möwsümde geçiren 8 duşuşygyň 7-sinde ýeňiş gazanan “Napoli” topary çärýek finala çykan 54-nji klub bolup, ol 7-nji italýan toparydyr. Şeýle-de, “Napoli” kluby “Atalanta” we “Leipsig” klublaryndan soň (2019/20) çärýek finalda çykyş etjek täze topar hökmünde hasaba alyndy.