Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň döw­let­li­lik bin­ýa­dy­nyň ber­ke­me­gi, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň has-da art­ma­gy, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy, ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de be­ýik ösüş­le­re ýe­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­riň el­my­da­ma ro­waç bol­ma­gy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li ta­gal­la­lar edil­ýär.
«Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da», «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» kes­git­le­nen we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de ýo­ka­ry ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, tä­ze şä­her­dir oba­la­ry­my­zyň gur­lu­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam et­di­ril­ýär hem-de ra­ýat­la­ry­my­zyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy, iş üp­jün­çi­li­gi we ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li go­wu­lan­dy­ryl­ýar.

Ýur­du­my­zyň tä­ze ösüş­le­re bes­len­ýän döw­rün­de döw­le­ti­mi­ziň ýyl­ýaz­gy­sy­na ýa­zy­lan aja­ýyp se­ne­ler hem äh­mi­ýet­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Go­laý­da ýur­du­my­zyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne Ser­dar Berdimuhamedowyň saý­la­nyl­ma­gyn­dan bä­ri la­ýyk bir ýyl geç­di. Hal­ky­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze öz yk­ba­ly­ny we mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gel­je­gi­ni ynan­dy.
Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, Ser­dar Berdimuhamedow saý­law­çy­la­ryň ses­le­ri­niň 72,97 gö­te­ri­mi­ni ga­zan­dy. Mu­nuň özi tä­ze döwlet Baştutanymyzyň uly sy­ýa­sy ab­ra­ýy­ny tas­syk­la­dy hem-de Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne, onuň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­na, hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ry­ny we baş­lan­gyç­la­ry­ny hal­ky­my­zyň do­lu­ly­gy­na gol­da­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow öň­de­ba­ry­jy hal­ka­ra tej­ri­bä­ni na­za­ra al­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şu­lyş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len tä­ze ösüş ugur­la­ry­nyň ba­şy­ny baş­lap, öz­gert­me­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ama­la aşyr­ýar. Mu­nuň özi mad­dy ro­waç­lyk, jem­gy­ýe­tiň ru­hy sag­dyn­ly­gy, her bir ra­ýa­tyň dö­re­di­ji­lik we in­tel­lek­tu­al işi üçin müm­kin­çi­lik­ler ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar.
Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de hormatly Prezidentimiziň pa­ra­sat­ly baştutan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýet­de, me­de­ni­ýet­de, sport­da, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş we beý­le­ki ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan be­lent ösüş­ler bi­ziň her bi­ri­mi­zi gu­wan­dyr­ýar hem buý­san­dyr­ýar. Gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri we we­la­ýat mer­kez­le­ri, oba-şä­her­le­ri­miz ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­ýär. Olar­da me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­la­ryň­dyr des­ga­la­ryň gu­rul­ma­gy adam ha­kyn­da edil­ýän ala­da­nyň ke­pi­li bol­mak bi­len, «Döw­let adam üçin­dir!», «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen aja­ýyp şy­gar­la­ryň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­de şan-şöh­ra­ty­nyň be­len­de gal­ýan­dy­gy­ny bu gün uly buý­sanç bi­len aýd­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty esa­syn­da dün­ýä we se­bit de­re­je­sin­de ama­la aşyr­ýan iş­le­ri hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň be­lent yk­rar­na­ma­sy­na eýe bol­ýar.
Adam hak­da­ky ala­da döw­let Baştutanymyzyň dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­nyň düýp öze­ni bo­lup dur­ýar. Döw­let ta­ra­pyn­dan ýö­re­dil­ýän sy­ýa­sat­da hal­ky­my­zyň aba­dan, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni biz her ädim­de di­ýen ýa­ly gör­ýä­ris. Türk­me­nis­tan adam hu­kuk­la­ry­nyň, azat­lyk­la­ry­nyň do­ly dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin ze­rur bo­lan sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, hu­kuk şert­le­ri­ni üp­jün ed­ýär, şah­sy­ýe­tiň er­kin ös­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­myz­da adam hu­kuk­la­ry ba­bat­da hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän ka­nun­lar ka­bul edil­ýär.
Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, bäs­deş­li­ge ukyp­ly san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek, döw­le­te da­hyl­syz pu­da­gyň ösü­şi­ni hö­wes­len­dir­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da te­le­ke­çi­lik işi­niň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek hormatly Prezidentimiziň öň­de goý­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar.
Bi­lim, dur­muş-me­de­ni ugur­la­ry ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de bi­lim we ylym ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, pu­dak­la­ry ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ly hü­när­men­ler bi­len üp­jün et­mek, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy tä­ze de­re­je­le­re çy­kar­mak, ça­ga­lar spor­tu­ny ös­dür­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň or­nu­ny gi­ňelt­mek, «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş we be­je­riş çä­re­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­mak, ýo­ka­ry hil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek ýa­ly we­zi­pe­ler döw­le­ti­miz­de ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň öze­ni­ni düz­ýär.

Aý­gül BER­DI­LI­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň iň­lis di­li­niň fo­ne­ti­ka­sy we
lek­si­ko­lo­gi­ýa­sy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my.