Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýan telekeçileriň hem goşandy uludyr. Ýurdumyzda dürli ugurlarda iş alyp barýan telekeçiler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzüminde orun aldylar. Bu birleşmäniň esasy işi ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.
Birleşmäniň agzalary dürli pudaklary ösdürmäge, içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyby bolan önümleri öndürmek boýunça innowasion önümçilikleri döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Hususy sektoryň wekilleri täjirçilik, jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalygy, azyk, gurluşyk materiallary, himiýa, dokma senagaty, tikinçilik ýaly ugurlarda, mebel, aýakgap önümçiliginde uly işleri alyp barýarlar, bilim, mahabat we neşirýat hyzmatlaryny edýärler.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak ýer böleginde döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagyndaky ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan ýüzlerçe önümçilik kärhanalarynda dürli görnüşli senagat, gurluşyk we beýleki önümler öndürilip, içerki bazarda halkymyza hödürlenilýär hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär.
Oba hojalyk pudagyny bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek hem-de hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň möhüm ugruna degişli bolup, bu ugurda hususyýetçilere uly goldawlar berilýär. Ýurdumyzyň azyk önümleriniň eksportynda esasy uly paýy tutýan ter pomidory ýyladyşhana şertinde ösdürip ýetişdirmekde uly tejribe toplanyldy. Birleşmäniň agzalaryna degişli bolan ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa ter pomidor bilen içerki bazarymyz üpjün edilýär we daşary ýurtlara eksport edilýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda uly gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirýärler, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap dynç alyş zolagynyň infrastrukturasyny kemala getirmek boýunça işlere işjeň gatnaşýarlar, «Aşgabat-Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak ýaly has iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de onuň agzalary sanly ykdysadyýete geçmekde uly işleri amala aşyrýarlar. Elektron söwda sahypalaryny açmak, ykjam elektron goşundylaryny döretmek hem-de dünýä belli internet söwda platformalaryndan peýdalanmak arkaly özleriniň harytlaryny we hyzmatlaryny onlaýn görnüşinde hödürlemek we eltip bermek hyzmatlaryny has-da işjeňleşdirýärler.
2019-njy ýylyň oktýabr aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Türkmenistanyň Kanuny birleşmäniň işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny üpjün edýär. Döwlet derejesinde yzygiderli goldaw berilmegi hem-de zerur mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde, birleşmäniň agzalary dürli pudaklarda içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyby bolan önümleri öndürmek boýunça innowasion önümçilikleri döredýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen gününden bäri 15 ýylyň içinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany 28 müňden gowrak boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek barada öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek ugrunda türkmen telekeçileri yhlasly zähmet çekýärler.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň işini höweslendirmek üçin edýän tagallalarynyň netijesinde, hususy eýeçiligiň ykdysadyýetdäki paýynyň ýylsaýyn artýandygy hem bellärliklidir. Bu görkezijiler ilatyň iş bilen üpjünçiligine hem oňyn täsirini ýetirýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 15 ýyl doldy.
Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz gününiň giňden bellenilýän günlerinde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli sergi guralýar. Bu serginiň bir hepdeläp dowam etmegi baýramçylygyň joşgunyny has-da artdyrar.
Bilbil SEÝITGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.