Milli bahar baýramy mynasybetli Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriniň bahar paslyna bagyşlanan eserleriniň sergisi açyldy. Serginiň merkezinde bahary alamatlandyrýan surat goýlupdyr. Onda bu baýramyň nyşany hökmünde içi maýsaly küýzeler şekillendirilipdir.
Sergide Ýarly Baýramowyň «Durnalar», Annadurdy Almämmedowyň «Nar güllände», Stanislaw Babikowyň «Güller», Kakabaý Gullaýewiň «Bahar baýramy», Gülzada Öwezowanyň «Manzar»,Gennadiý Brusensowyň «Gyzjagaz we towşanlar», Walentin Kudrýaşowyň «Parfiýa döwleti» suratlary we başga-da ençeme eserler görkezilýär.
Sergä özboluşly görk beren heýkeltaraşlyk eserleriniň arasynda Baýrammyrat Ataýewiň «Boýdaşlar», Juma Jumadurdynyň «Tans», Muhammet Ýazbaşewiň «Bahar baýramy» eserleri bu ýere gelendleriň ünsüni özüne çekdi.
Serginiň açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlarynyň biri,Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we etnografiýa institutynyň işgäri Kakajan Baýramow bahar baýramyny türkmenleriň gadym döwürlerde-de belländigini, onuň döwrüne görä, «Täze gün», «Oguz güni», «Nowruz güni» diýlip atlandyrylandygyny gürrüň berdi.