Ýokarda bir Aý bar,
Ujy gyzyl ýaý bar,
Pygamberiň saçagynda
Bize goýlan paý bar.
Ýaremezan!
Mähriban çagalaryň dilinden çykýan bu owaz ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda belentden ýaňlandy. Olar on bir aýyň soltany Remezan aýynyň gelendigini ählimize, ulus-ilimize buşlady. Her ojak bu buşluga dürli süýjüliklerden paý berip jogap berdi.
Mübärek Remezan aýy tutuş ýer ýüzi üçin rahmet-merhemet aýy hasap edilýär. Daň atandan Gün batýança iýip-içmekden saklanyp oraza tutmak, ybadatlar we doga-dilegler etmek bu aýyň aýratynlyklarynyň biridir.
«Oraza» pars sözi bolup, aslynda araplaryň «Sawm» diýen sözi bilen aňladylýar we ol «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» ýaly manylary berýär.
Agyz beklemegiň esasy iki sütüni bar diýlip bellenilýär. Olaryň birinjisi – Gün dogmazyndan belli bir wagt öň agzyňy bekläp, tä Gün ýaşýança agzyňy açýan zatlardan saklanmak, ýagny iýip-içmezlik we beýleki şu hili endiklerden özüňi saklamak bolsa, ikinji sütüni – niýet etmekdir. Niýet etmegiň manysy agyz beklemegi amal etmegiň esasynda niýetiň durýandygy bilen düşündirilýär. Umuman, agyz beklemegiň pelsepewi manysy, hikmeti bolsa, bu baradaky çeşmelerde bellenilişine laýyklykda, şükür etmek, durmuşy gatnaşyklara düşünmek, nebisjeňlikden gaça durmak we beýleki häsiýetleriň terbiýelenmegi, şonuň bilen birlikde saglygyňy berkitmek bilen baglanyşyklydyr.
Remezan aýy kalby päkligiň, arassalygyň, agzybirligiň aýydyr. Bu aý agyz beklemek, bedenimizi taplamak we köňlümizi ruhy taýdan arassalamak, päklemek üçin mübärek pursatdyr. Şu ýyl Oraza 23-nji martda başlanyp, 21-nji aprelde tamamlanýar. Abadan, parahat we eşretli durmuşyň hözirini görýän agzybir halkymyz mübärek Oraza aýyny garşy alyp, agyz bekläp, metjitlerde tarawa namazyny okap, Diýarymyzyň gülläp ösmegi üçin ýagşy doga-dilegler edýärler.
Bu mukaddes aýda tutjak orazalaryňyz, ýurt abadançylygynyň, her bir öý-ojagyň bagtyýarlygynyň, döwletiň kuwwatlylygynyň hatyrasyna etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun!
Goý, asuda Watanymyzda her bir ojakda saçaklar giňden ýazylyp, toýlar tutulyp dursun! Birek-birege aýdylýan ýagşy arzuw-islegler hasyl bolsun!