Türk­me­nis­tan jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şyn­da de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň ga­dym­dan gel­ýän däp­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ýo­lun­da no­bat­da­ky tä­ze ädi­me taý­ýar­lyk gör­ýär. Hal­ky­myz bu däp­le­re we ýö­rel­ge­le­re müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da yg­rar­ly bol­mak bi­len, hä­zir­ki tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da olar tä­ze­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýar. Er­tir — 26-njy mart­da ýur­du­my­zyň äh­li saý­law uças­tok­la­ry türk­me­nis­tan­ly­lar üçin öz ga­py­la­ry­ny açar­lar. Il­deş­le­ri­miz kons­ti­tu­si­on hu­ku­gyn­dan peý­da­la­nyp, Mej­li­siň de­pu­tat­ly­gy­na, ýer­li ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýet we öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na da­laş­gär­le­riň has my­na­syp­la­ry­na ses be­rer­ler we öz­le­ri­niň ra­ýat­lyk borç­la­ry­ny ber­jaý eder­ler.
Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la-sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ry­nyň ha­bar ber­li­şi ýa­ly, saý­law­la­ra taý­ýar­lyk wag­tyn­da giň möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ry­lyp, ola­ra äh­li de­re­je­dä­ki döw­let dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len bir ha­tar­da, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem gat­naş­dy­lar. Saý­law­la­ra taý­ýar­lyk iş­le­ri he­re­ket ed­ýän Saý­law ko­dek­si­ne we hal­ka­ra hu­ku­gyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­dy.
Şu gün ýur­du­my­zyň äh­li saý­law uças­tok­la­ryn­da do­ly taý­ýar­lyk yg­lan edil­di. Ola­ryň her bi­ri ses ber­mek üçin gu­tu­lar, şol san­da göç­me gu­tu­lar, saý­law býul­le­ten­le­ri we äh­li ze­rur so­wal-jo­gap hem-de usu­ly ede­bi­ýat­lar bi­len üp­jün edil­di. Ses ber­mek üçin ýö­ri­te ka­bi­na­lar bi­len üp­jün edi­len ýer­ler taý­ýar­la­nyl­dy. Her bir saý­law uças­to­gy­na yg­ty­bar­ly ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry, ulag se­riş­de­le­ri ber­ki­dil­di. Saý­law­lar gü­nün­de saý­law uças­tok­la­ry­nyň 240-syn­da iş­le­riň gi­di­şi san­ly ul­gam ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da gör­ke­zi­ler. Mu­nuň özi saý­law­la­ryň açyk­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da geç­ýän­di­gi­ne, olar­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk eder.
Uças­tok saý­law to­par­la­ry öz borç­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge aý­ra­tyn jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­di­ler. Bu to­par­la­ryň dü­zü­min­de sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, zäh­met­keş to­par­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň gör­nük­li we­kil­le­ri bar. Ilat ara­syn­da ýer­ler­de giň wa­gyz-dü­şün­di­riş iş­le­ri ge­çi­ril­di. Mun­dan baş­ga-da, saý­law­lar gü­nün­de haý­sy­dyr bir se­bä­be gö­rä ses be­rip bil­me­ýän ra­ýat­lar öňün­den ses ber­mek hu­ku­gyn­dan peý­da­lan­ýar­lar. Ola­ryň dol­du­ran saý­law býul­le­ten­le­ri ses­le­ri sa­na­mak pur­sa­dy­na çen­li ýö­ri­te mö­hür­le­nen gu­tu­lar­da sak­la­nar. Saý­law­çy­la­ryň da­laş­gär­ler bi­len du­şu­şyk­la­ry ýö­ri­te bel­le­nen hem-de yla­la­şy­lan ter­ti­be la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­la­ryň geç­jek ýe­ri, wag­ty ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ýaý­ra­dyl­dy. Şun­da äh­li da­laş­gär­le­re saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky wa­gyz iş­le­ri­ni ge­çir­mek üçin deň şert­le­riň hem-de müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ni bel­le­mek ze­rur­dyr.
Mil­li syn­çy­la­ryň gat­naş­ma­gy saý­law­la­ryň açyk­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da geç­me­gi­ne ýar­dam be­rer. Öňü­miz­dä­ki mö­hüm sy­ýa­sy wa­ka ba­ra­da aýt­mak bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, saý­law­la­ra syn et­mek üçin dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň we­kil­le­ri­ni ça­gy­ran­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ýur­du­my­za Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň syn­çy­lar to­pa­ry hem-de ÝHHG-niň De­mok­ra­tik ins­ti­tut­lar we adam hu­kuk­la­ry bo­ýun­ça býu­ro­sy­nyň bi­ler­men­le­ri gel­di­ler.
Ýur­du­myz bo­ýun­ça je­mi 14 müň 872 da­laş­gär hö­dür­le­nil­di hem-de bel­li­ge alyn­dy. Olar­dan 258-si Mej­li­siň de­pu­tat­ly­gy­na, 515-si we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na, 2001-si et­rap hem-de şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na, 12 müň 98-si Ge­ňeş­le­riň ag­za­ly­gy­na da­laş­gär­ler­dir. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­ler, dür­li hü­när­le­riň hem-de mil­let­le­riň we­kil­le­ri bar. De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan 6 müň 241 da­laş­gär, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­syn­dan 523 da­laş­gär, Ag­rar par­ti­ýa­dan 3577 da­laş­gär, şeý­le-de ra­ýat­lar to­par­la­ryn­dan 4531 da­laş­gär bel­li­ge alyn­dy. Da­laş­gär­ler bel­li bir saý­law ok­ru­gy­nyň çä­gin­de ýa­şa­ýan saý­law­çy­la­ryň umu­my ýyg­na­gy ta­ra­pyn­dan hö­dür­le­nil­di. Tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne 125 de­pu­tat saý­la­ny­lar. We­la­ýat halk mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry saý­law ok­rug­la­ry­nyň 240-syn­da, et­rap hem-de şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry saý­law ok­rug­la­ry­nyň 960-syn­da, Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry bol­sa saý­law ok­rug­la­ry­nyň 5897-sin­de ge­çi­ri­ler. Ses ber­mek üçin 2644 saý­law uças­to­gy dö­re­dil­di. Ses ber­mä­ge hu­ku­gy bo­lan je­mi 3,5 mil­li­on saý­law­çy bel­li­ge alyn­dy.
Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän saý­law ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry­nyň saý­law möw­sü­mi­niň iň mö­hüm tap­gyr­la­ry­nyň bi­ri — wa­gyz iş­le­ri­ni ge­çir­mek tap­gy­ry ta­mam­lan­dy. Er­tir — 26-njy mart­da bol­sa sa­gat 7:00-dan 19:00-a çen­li äh­li saý­law uças­tok­la­ryn­da, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýa­nyn­da dö­re­di­len uças­tok­lar­da ses ber­ler.