NASA-nyň Mars planetasyna iberen “Ingenuity” atly kiçijik dikuçary 48-nji uçuşyny tamamlady. Berlen maglumata görä, howa gämisi soňky uçuşynda 12 metre belende galyp, 398 metre ýol geçdi. Dikuçar jemi 149,9 sekunt howada galypdyr.
“Ingenuity” atly dikuçar 2021-nji ýylyň 18-nji fewralynda “Perseverance” atly alty tigirli robota birikdirilip, Marsa gondurylypdy. Bu enjam başga planetada uçan ilkinji enjam bolupdy. Dikuçar 3-4,5 metr beýiklige çenli çykmaga niýetlenip, bir gezekde 300 metr aralyga çenli ýol geçmäge niýetlenendir. Dikuçar Marsy ýakynda has giňişleýin surata almak üçin işlenip düzüldi.
Ýusup Ýaňybaýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









