“OpenAI” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “ChatGPT” söhbetdeşlik platformasynyň indi internete hem birigip bilýändigi mälim edildi. Geçen ýylyň noýabrynda çykarylan “ChatGPT” emeli aň bilen işläp, adamlaryň sowallaryna jogap berip bilýär. Indi bolsa, internete hem birigip bilýän bu tehnologiýa internetden haryt sargyt etmäge hem mümkinçilik hödürlär. Mysal üçin, öýde nahar bişirmek üçin gerekli zatlary siziň adyňyzdan sargyt edip biler. Bişirjek naharyňyzy aýtsaňyz, programma onuň üçin gerekli zatlary özi anyklap, sargyt edýär. Geljekde has köp mümkinçiligiň bu “akylly” tehnology arkaly elýeterli bolmagyna garaşylýar. Şeýlelikde bu programma haýsydyr bir ýere gezelenje gideniňizde görüp boljak medeni we tebigy ýerleri, uçar gatnawlaryny, biletleriň bahasyny, kärendesine ulagyň nireden alnyp bilinjekdigini, haýsy söwda nokadynda haýsy harydyň bahasynyň näçedigini, restoranlardaky tagamnamalary, başga bir dilde nämäni nähili aýtjakdygyňyzy size aýdyp berer. Hatda matematiki hasaplamalary hem ýerine ýetirip, size “dilden” aýdyp berer.
Didar Taganow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
PDF









