Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky «Ga­ra­gum» myh­man­ha­na­syn­da ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­na syn et­mä­ge ge­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­çi­lik­li syn­çy­lar to­par­la­ryn­dan dü­zü­len hal­ka­ra syn­çy­la­ryň jem­leý­ji bri­fing­le­ri ge­çi­ril­di. Olar­da bu mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çä­rä­niň taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne we ge­çi­ri­li­şi­ne gu­ra­lan gö­zeg­çi­li­giň des­lap­ky ne­ti­je­le­ri be­ýan edil­di.
Mil­li we ýur­du­myz­da akk­re­di­tir­le­nen da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, hal­ka­ra syn­çy­la­ryň, şeý­le-de Türk­me­nis­tan­da Saý­law­la­ry we sa­la sal­şyk­la­ry ge­çir­mek bo­ýun­ça mer­ke­zi to­pa­ryň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bri­fing­le­riň il­kin­ji­sin­de mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň baş­ly­gy G.My­ra­dow çy­kyş edip, mil­li par­la­men­tiň, ýer­li hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň dü­züm­le­ri­ne hö­dür­le­nen my­na­syp da­laş­gär­le­re ses ber­mek çä­re­si­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di.
Aş­ga­bat şä­he­rin­de 312, Ahal we­la­ýa­tyn­da 365, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da 272, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 536, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 567, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 550 saý­law uças­to­gy dö­re­dil­di. Ra­ýat­la­ryň 3,2 mil­lio­na go­la­ýy saý­law­la­ra ses ber­mä­ge gat­naş­dy­lar. Saý­law çä­re­le­ri­niň bar­şy­na mo­ni­to­rin­gi hal­ka­ra we mil­li syn­çy­lar ama­la aşyr­dy­lar.
Bri­fing­le­riň ikin­ji­sin­de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­de­wiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky GDA-nyň syn­çy­lar to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry hem, öz ge­ze­gin­de, şu ge­zek­ki saý­law­la­ra gör­len taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne we ola­ryň ge­çi­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­giň ama­la aşy­ry­ly­şy ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler. Hu­su­san-da, je­nap S.Le­be­dew Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ri­len mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry­nyň, ýer­li ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýet we öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, ola­ryň giň bäs­deş­lik esa­syn­da, açyk­lyk we aýan­lyk ýag­da­ýyn­da, he­re­ket ed­ýän mil­li ka­nun­çy­ly­ga we hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de ge­çen­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy.
Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň hal­ka­ra syn­çy­la­ry hem öz iş­le­ri­ni ýur­duň içer­ki iş­le­ri­ne ga­tyş­maz­lyk, oňyn Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek esa­syn­da alyp ba­ran­dyk­la­ry­ny aý­dyp, şun­da mil­li ka­nun­çy­ly­gyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­giň mo­ni­to­ring­le­riň esa­sy mak­sa­dy bo­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Umu­my pi­ki­re gö­rä, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, halk mas­la­hat­la­ry­nyň we Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry de­mok­ra­tik esas­lar­da, ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ri­lip, ra­ýat­la­ryň öz is­leg­le­ri­ni er­kin be­ýan edip bil­me­gi üçin ze­rur şert­ler do­ly göz öňün­de tu­tul­dy.
Hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň syn­çy­lar to­par­la­ry öz­le­ri­niň gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri­ni ýa­kyn wagt­da saý­law­la­ra syn et­me­giň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da jem­leý­ji res­mi­na­ma­lar­da be­ýan eder­ler.