Şu gije başlanjak 23-nji FIFA Dünýä Kubogyny tutuş dünýäde ýüzlerçe teleýaýlym futbol muşdaklarynyň dykgatyna ýetirer. Şolaryň biri-de “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy bolup, ol duşuşyklaryň ählisini göni ýaýlymda halkymyza hödürlär.
Şeýle-de, “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy bilen bir hatarda, “Belet” platformasy arkaly, “Älem TV”-de bar bolan Russiýanyň “Match TV”, Türkiýäniň TRT1, “TRT Spor”, Azerbaýjanyň “Ictimai TV”, Täjigistanyň “Varsizh”, “Futbol HD” ýaly teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine ýetiriler. Bulardan başga-da ençeme teleýaýlym, “Youtube” platformasy-da duşuşyklary göni ýaýlymda görkezer.
11-nji iýundan 12-nji iýuna geçilýän gijede başlanjak çempionat 39 günläp dowam eder we 104 duşuşykdan soň, 19-njy iýulda Dünýä Kubogynyň ýeňijisi belli bolar.
PDF









