Dünýäniň iň uzak ýaşaýan milletleriniň biri bolan Italiýada garrylara kömek edýän robotlar işlenip taýýarlandy. Ýurduň demirgazygyndaky Karpi sebitinde garrylara ideg edýänlere täze robotlar görkezildi.
60 million töweregi ilaty bolan Ýewropa döwletinde 7 million adamyň ýaşy 75-den ýokary. Ýurtda adatça ýaşuly nesil garrylar öýlerine ýerleşdirilmän, maşgala agzalarynyň arasynda ýaşaýar. Garrylara bolsa, köplenç aýal maşgalalar seredýär.
Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, maşgalada garra seredýän adama kömek puly, tölegli rugsat we beýleki ýeňillikler berilýär. Häzirki wagtda bu kömek maşgalanyň diňe bir agzasyna berilýär. Şu ýyl bu kömegiň maşgala agzalarynyň arasynda bölüşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Parma uniwersitetinde işleýän psihologiýa professory Olimpiýa Pino maşgalada garra seredýänler üçin robotlary kämilleşdirýär. Professor adamlaryň robotlar bilen ysnyşykly bolmagyny gazanmaga çalyşýar. Bu ýerde Fransiýada öndürilen “Nao” atly kiçijik robot tanyşdyrylyp, haýsy ýagdaýlarda robotlardan peýdalanylyp bilinjekdigi maslahatlaşyldy.
Bilermenler robotlaryň geljekde adamlar bilen has köp galtaşykda boljakdygyny belleýärler.